30/11/-0001
514
Kiberhowpsuzlyk boýunça okuw sapagy geçirildi
2022-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda kiberhowpsuzlyk boýunça okuw sapagy geçirildi. Bu okuw sapagyna institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar. Okuw sapagynyň dowamynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň garamagyndaky innowasiýa maglumat merkeziniň okuw we halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy Seýitmuhammet Annabaýew we şol merkeziň mugallymy Alihan Ataýew kiberhowpsuzlyk we torlaryň ähmiýeti barada belläp geçdiler. Ýeri gelende bellesek, ýaňy ýakynda Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Birleşen Arap Emirliklerine resmi sapary amala aşyryldy we birnäçe resminamalara gol çekildi. Şolaryň hatarynda, Kiberhowpsuzlyk barada hyzmatdaşlyk etmek barada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýanyndaky Kiberhowpsuzlyk gullugy bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň Kiberhowpsuzlyk geňeşiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi. Täsirli geçen okuw sapagynyň ahyrynda talyp ýaşlar bilen sorag-jogap alşyldy. Bu okuw sapagy talyp ýaşlar üçin diýseň peýdaly boldy.
Berdinyýaz GOŇUROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň III ýyl talyby.