Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • “Ýaşlar baradaky döwlet syýasaty: döwlet gurmagyň hukuk we dolandyryş esaslary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • FINLANDIÝA RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN GEÇIRILEN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
        • Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Туркменский вектор глобальной энергобезопасности – «Энергия. Сотрудничество. Развитие»
        • «AZIÝADA YNAMY BERKITMEK, ULAG BAGLANYŞYGYNY WE EKOLOGIÝA HOWPSUZLYGYNY ÜPJÜN ETMEK BOÝUNÇA INNOWASION BASLANGYÇLAR» ATLY OKUW-USULY SEMINARY GEÇIRILDI
        • «ЦА+1» в Самарканде: как регион ищет баланс между интеграцией и суверенитетом
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Habarlar / Katar duşuşyklary: bilim gatnaşyklarynyň täze sahypasy
    Katar duşuşyklary: bilim gatnaşyklarynyň täze sahypasy
    Katar duşuşyklary: bilim gatnaşyklarynyň täze sahypasy
    Katar duşuşyklary: bilim gatnaşyklarynyň täze sahypasy
    Katar duşuşyklary: bilim gatnaşyklarynyň täze sahypasy
    Katar duşuşyklary: bilim gatnaşyklarynyň täze sahypasy
    28/02/2024

    2360

    Katar duşuşyklary: bilim gatnaşyklarynyň täze sahypasy

    Ylym-bilim ulgamynyň döwletimiziň diňe bir içeri syýasatynda däl-de, eýsem, daşary syýasy gatnaşyklarynda hem iň bir ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýandygyny Türkmenistanyň bilim ministri B.Orazdurdyýewanyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýetiniň Katar Döwletine iş sapary hem nobatdaky gezek subut edýär. 2024-nji ýylyň 27-nji fewralynda geçirilen duşuşyklar bolsa degişli ugurdaky hyzmatdaşlygyň gerimini mundan beýläk-de giňeltmekde möhüm çelgi bolar.
    Günüň birinji ýarymynda türkmen wekiliýetiniň Doha uniwersitetiniň rektory Salem Al Nuaimi bilen duşuşygy boldy. Ýokary derejede geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy we ylmy gatnaşyklary pugtalandyrmak meselesine aýratyn üns berildi. Şeýle hem bu babatda işjeň hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmak bilen bagly teklipler hödürlenildi we käbir meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
    Günüň ikinji ýarymynda türkmen wekiliýetiniň Lusail uniwersitetiniň ýolbaşçy düzümi bilen duşuşygy hem netijeliligi bilen tapawutlandy. Uniwersitetiň direktory jenap Nitham Hindi bilen geçirilen duşuşykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory J.Gurbangeldiýew bilim ulgamyndaky türkmen-katar hyzmatdaşlygy barada nygtap, iki döwletiň bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň hukuk binýady dogrusynda aýratyn durup geçdi. Bellenilişi ýaly, Häzirki wagtda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň üçüsinde, ýagny Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda arap dili ders hökmünde geçilip, olarda 150-den gowrak talyp bu dili öwrenýär. Şeýle-de ýurdumyz boýunça daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 6 sany orta mekdepde 4,5 müňden gowrak okuwça arap dili öwredilýär.
    Duşuşygyň dowamynda Lusail uniwersitetiniň tejribesini öwrenip, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň bu ýokary okuw mekdebi bilen birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyny ýola goýmak üçin türkmen wekiliýeti tarapyndan birnäçe teklipler hödürlendi. Bu ýokary ylym ojagynyň Türkmenistanda şahamçasyny açmak meselesi bilen bagly teklipler häzirki döwrüň möhüm talaplaryndan ugur alýandygy bilen ähmiýetlidir. Biragyzdan oňlanan bu başlangyç geljekde ýokary derejeli halkara hünärmenleriň taýýarlanmagynda düýpli esas bolup hyzmat eder. Şeýle hem katar tarapy Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty bilen hyzmatdaşlyga ýokary gyzyklanma bildirdiler.
    Türkmen-katar ylym-bilim gatnaşyklarynyň ösüşinde we ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça hyzmatdaşlygy amala aşyrmakda şu gezekki duşuşyklar möhüm ähmiýete eýedir.

    Atamyrat ÝAZWELIÝEW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY– GADYMY TÜRKMEN DÖWLETLERINIŇ PARAHATÇYLYKLY WE HOŞNIÝETLI BITARAPLYK SYÝASATYNYŇ MYSALY HÖKMÜNDE ATLY OKUW-USULY SEMINAR GEÇIRILDI surady

    23/10/2026

    BEÝIK ÝÜPEK ÝOLY– GADYMY TÜRKMEN DÖWLETLERINIŇ PARAHATÇYLYKLY WE HOŞNIÝETLI BITARAPLYK SYÝASATYNYŇ MYSALY HÖKMÜNDE ATLY OKUW-USULY SEMINAR GEÇIRILDI
    BMG-niň 81 ýyllygyna bagyşlanan «Model UN: Language & Negotiation Simulation» atly bäsleşik surady

    23/10/2026

    BMG-niň 81 ýyllygyna bagyşlanan «Model UN: Language & Negotiation Simulation» atly bäsleşik
    BILIM WE HALKARA HYZMATDAŞLYK – ÜSTÜNLIGE  BARÝAN ÝOL surady

    22/10/2026

    BILIM WE HALKARA HYZMATDAŞLYK – ÜSTÜNLIGE BARÝAN ÝOL
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI