768
Kämillik hakynda söhbet
2022-nji ýylyň 8-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda talyplaryň 2021-2022-nji okuw ýylynyň gyşky dynç alyş möwsümini guramaçylykly geçirmek maksady bilen, «Nesil» gazetiniň jogapkär kätibi, ajaýyp şahyr, ussat terjimeçi, tejribeli žurnalist Orazmyrat Myradow bilen döredijilik duşuşygy geçirildi.
Duşuşygyň başynda O.Myradow öz durmuş, döredijilik ýoly hakynda gürrüň berdi. Soňra talyp ýaşlar duşuşyga gelen myhmana özleriniň döredijilik babatda gyzyklanýan soraglaryny berdiler. Talyplaryň beren soraglarynyň aglaba bölegi «Hökman okalaýmaly kitaplar», «Terjimeçiden edilýän talaplar», «Dil öwrenmek», «Uly göwrümli eserleri okamagyň zerurlygy» hakynda boldy. Magtymguly Pyragynyň «Kitap okan gullar magnydan dokdur» diýşi ýaly, Orazmyrat Myradowyň sowallara beren jogaplarynda okan tymsallaryndan, aforizmlerinden mysal getirmegi hem özboluşly täsirli boldy. Duşuşygyň dowamynda dünýäniň 7-8 dilini bilýän terjimeçi O.Myradowyň Robin Şarmanyň «Pany bilen hoşlaşanyňdan soň kim ýyglar?» atly soňky terjime eden kitabynyň okyjylaryň, aýratynam talyp ýaşlaryň arasynda uly gyzyklanma eýe bolandygy hakynda nygtalyp, terjimeçä minnetdarlyk bildirildi. Ýeri gelende belläp geçsek, O.Myradow «Oýlan hem baýa», «Giň gerimli pikirlenmek sungaty» ýaly dünýä belli eserleriň birnäçesini türkmen diline terjime edendir. Häzirki wagtda hem ol «Nesil» gazetinde dowamly neşir edilýän «Dostluk köprüsi» atly rubrikada dünýäniň çar künjünden bolan döwürdeş galamdaşlarynyň eserlerini türkmen diline terjime edip, okyjylar köpçüligine ýetirýär. Orazmyrat Myradowyň «Ýüzugra edilen bellikler» atly pikir ýöretmeleri hem okyjylaryň uly söýgüsini gazanandyr. «Şahyr goşgy okanda, bütin barlyk diň salar» diýlişi ýaly, duşuşygyň dowamynda O.Myradowyň öz ýazan goşgularyndan okap bermegi-de uly täsirli boldy. Çünki bilşimiz ýaly, islendik bir goşgyny şahyryň özüniň okap bermegi aýratyn lezzetli bolýar. Gyzykly geçen döredijilik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Orazmyrat Myradowa duşuşyga gelendigi üçin minnetdarlyk bildirip, oňa döredijilik äleminde uly üstünlikleri arzuw etdiler.
Gurbansähet GURBANSÄHEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.