30/11/-0001
583
Kämil ýaşlar – Watanymyzyň geljegi
2022-nji ýylyň 15-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda eden taryhy çykyşy hem-de «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşine gol çekilmegi mynasybetli maslahat geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň wekilleri hem-de ýokary okuw mekdebiniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdy.
Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurtda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijesini berýändigini bellediler. Mundan başga-da, çykyşlarda ýurdumyzda ata-babalarymyzyň umumadamzat ruhy gymmatlyklaryny özünde jemleýän ýörelgelerine we öňdebaryjy halkara ölçeglerine esaslanýan ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýandygy aýratyn nygtalyp geçildi. Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Watanymyzda ýaş nesilleriň kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda uly işleri durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Süleýman KULYÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy,
institutyň ilkinji Ýaşlar guramasynyň başlygy.
Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz!