30/11/-0001
705
"Kalbymyñ senasy - Watan" atly hoşallyk maslahaty
2022-nji ýylyñ 24-nji iýunynda Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiñ Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň guramagynda Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize ýaşlar barada edýän aladalary üçin "Kalbymyñ senasy - Watan" atly hoşallyk maslahaty we onuñ çäginde taryhçy alymlaryñ we institutyñ professor mugallymlarynyñ hem-de talyp ýaşlarynyñ gatnaşmaklarynda duşuşyk geçirildi.
Institutyñ Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyñ uly mugallymy Täçnabat Paýtykowanyñ alyp barmagynda geçirilen duşuşygyñ dowamynda "Gahryman Arkadagymyzyñ kitaplarynda watansöýüjilik hakynda", "Türkmen halkynyñ taryhy we medeni mirasynda, ruhy dünýäsinde watançylyk hakynda", "Watan mukaddesligi - ýaşlaryñ ýörelgesi", "Ylma teşne ýaşlar biz" atly dürli çykyşlar gurnaldy. Türkmenistanyñ Ylymlar akademiýasynyñ Taryh we arheologiýa institutynyñ uly ylmy işgäri Atageldi Nepesowyň we şol institutyň esasy ylmy işgäri Hurma Çommadowanyň türkmeniñ şöhratly taryhy we şu güni barada beren gyzykly gürrüñleri talyp ýaşlarda uly gyzyklanma döretdi. Şeýle hem Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiñ Halkara gatnaşyklary institutynyň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty Ogulgurban Ezimowanyň we institutyň talyplarynyň çykyşlary täsirli boldy.
Duşuşygyñ dowamynda oña gatnaşyjylar ýaşlaryñ watansöýüjilik, ynsanperwerlik hem-de milli ýörelgeler esasynda terbiýelenip, kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
Hatyja DÖWLETNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň III ýyl talyby,
"Paýhas we parasat" atly ylmy gurnagynyň
işjeň agzasy.