30/11/-0001
515
INSTITUTYMYZDA GEÇIRILEN WAGYZ-NESIHAT ÇÄRESI
2022-nji ýylyň 30-njy aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň guramagynda «Sagdyn ojak – sagdyn nesil – sagdyn geljek» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Aşgabat şäher häkimliginiň Ýaşulular Geňeşiniň agzalary, şeýle hem institutyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Wagyz-nesihat çäresinde talyplara ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý etmeklerini, her hili düzgün bozmalardan gaça durmaklaryny, ýollarda we köçelerde, köpçülik ýerlerinde özlerini dogry alyp barmaklaryny nygtadylar. Olar çykyşlarynda köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygy, pyýadalar üçin niýetlenen geçelgelerden geçmek, bellenen ýerlerden hereket etmekleri ýaly kadalary berjaý etmek barada ýaşlara beren öwüt-ündewleri ýaşlaryň howpsuzlyklary üçin wajyp ähmiýete eýe boldy.
Çäräniň dowamynda çykyş edenler talyp ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemeklik hakynda aýratyn belläp geçdiler. Olar geljekde ýaşlaryň Watana mynasyp hünärmenler bolup, ýurdumyzyň ösüşlerine öz goşantlaryny goşarlar diýip uly ynam bildirilýändigini bellediler.
- Aziza HUDAÝNAZAROWA,
- Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
- Halkara gatnaşyklary institutynyň
- Halkara žurnalistikasy fakultetiň I ýyl talyby.