616
INSTITUTYMYZDA «AÇYK GAPYLAR» GÜNI
2022-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Açyk gapylar» güni mynasybetli Ýaş diplomatlar mekdebiniň işjeň agzalaryna – paýtagtymyzyň orta mekdepleriniň okuwçylaryna ýokary okuw mekdebimiz bilen tanyşdyryş çäresi guraldy.
Geljekki ýaş diplomatlar ýokary okuw mekdebiniň fakultetleri, Türkmen diplomatiýasynyň milli muzeýi, kämil esbaplaşdyrylan okuw otaglary, kitaphanalary we okuw studiýalary, şeýle hem «Žurnalistiň sesi» radiogepleşiginiň taýýarlanylyşy we «Ýaş diplomatyň sesi» gazetiniň redaksiýasy bilen tanyşdylar.
Mekdep okuwçylary institutymyzyň talyplarynyň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda gazanan üstünlikleri barada guralan ýörite sergini synladylar. Institutymyzyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa hem-de Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedralarynyň mugallymlarynyň guramagynda mejlisler zalynda ýörite umumy sapak geçirildi. Geçirilen ýörite okuw sapak geljekki diplomatlara hünäri bilen bagly maglumatlary baýlaşdyrmaga ýardam berdi.
Aziza HUDAÝNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiň I ýyl talyby.