657
Institutda talyplaryň “Let’s speak up” gurnagy öz işini dowam etdirýär
2023-nji ýylyň 10-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda bu ýokary okuw mekdebiň “Let’s speak up” gurnagynyň üçünji duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk “Ýurtlar” temasyna bagyşlandy. Duşuşygyň başynda gurnagyň agzalary ilki bilen mart aýynyň dowamynda iňlis dilinde okamak üçin täsirli kitaplary saýladylar. Soňra talyplar “Taboo” oýnuna gatnaşdylar. Olar “Taboo” oýnunda sözüň adyny ýa-da oňa bagly başga sözi aýtmazdan saýlanan sözi çalt düşündirdiler.
Şeýle-de bu duşuşygyň dowamynda gurnagyň agzalary özleriniň halaýan zatlary hakda gürrüň etdiler. Çykyşlaryň ahyrynda gurnagyň agzalarynyň arasynda özara pikir alyşmak we söhbetdeşlik boldy. Bu bolsa olaryň iňlis dilini has-da kämil öwrenmeklerine ýardam etdi.
Muhammetnur GARABAÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.