Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / HYTAÝDA “OWGANYSTANYŇ TÄZE ÝAGDAÝYNDA MERKEZI AZIÝANYŇ HOWPSUZLYGY WE ÖSÜŞI” ATLY FORUM GEÇIRILDI
    HYTAÝDA “OWGANYSTANYŇ TÄZE ÝAGDAÝYNDA MERKEZI AZIÝANYŇ HOWPSUZLYGY WE ÖSÜŞI” ATLY FORUM GEÇIRILDI surady
    19/11/2021

    653

    HYTAÝDA “OWGANYSTANYŇ TÄZE ÝAGDAÝYNDA MERKEZI AZIÝANYŇ HOWPSUZLYGY WE ÖSÜŞI” ATLY FORUM GEÇIRILDI

    2021-nji ýylyň 19-njy noýabrynda Hytaý halk Respublikasynyň paýtagty Pekin şäherinde HJYA-nyň ýokary derejeli seljeriş merkezleriniň Geňeşiniň sekretariatynyň we Russiýany, Gündogar Ýewropany we Merkezi Aziýany öwrenmek boýunça Ählihytaý Assosiasiýasynyň guramagynda Hytaý jemgyýetçilik ylymlar akademiýasynyň (HJYA) konsultatiw guramasynyň gatnaşmagynda Hytaýyň seljeriş merkezleriniň we Merkezi Aziýa döwletleriniň “bäşliginiň” arasynda “Owganystanyň täze ýagdaýynda Merkezi Aziýanyň howpsuzlygy we ösüşi” atly forum geçirildi.
    Forumda HJYA-nyň Russiýa,Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa Institutynyň, Gazagystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky strategik gözlegler institutynyň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Owganystan Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky strategik we sebitara gözlegler institutynyň wekilleri çykyş etdiler.
    Forumyň dowamynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty Türkmenistan döwletimiziň adyndan wekilçilik edip, institutyň okuw işleri boýunça prorektory Gülşat Ýusupowa “Türkmenistan-Owganystan:ynsanperwer gatnaşyklar esasynda hoşniýetli goňşuçylyk” atly temada çykyş etdi.
    Prorektor öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda daşary syýasaty ösdürmek ugrunyň yzygiderli durmuşa geçirilmegi netijesinde, Türkmenistanyň diňe bir milli derejede däl, eýsem sebitara hem-de halkara ölçeglerinde uly ösüşleri gazanandygyny aýratyn belläp geçdi. Şeýle-de ol: “Ata-babalarymyzdan miras galan hoşniýetli goňşuçylyk däplerine, birek-birege hormat goýmak, deňhukuklylyk we milli bähbitleri goramak ýörelgelerine eýerip, ýurdumyz özüni ygtybarly hyzmatdaş hökmünde görkezip, sebitiň we dünýäniň ähli döwletleri bilen netijeli we özara peýdaly gatnaşyklary saklaýar.
    Sebitiň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek arkaly Türkmenistan özüniň ýakyn goňşusy Owganystan bilen-de doganlyk gatnaşyklaryny berkidýär we goňşy döwletde durnuklylygyň ýola goýulmagynyň Merkezi Aziýa sebitinde, şeýle-de bütin dünýäde parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamagyň gaýragoýulmasyz şerti hökmünde garap, bu hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýär.
    BMG-niň sessiýalarynda we beýleki halkara wekilçilikli forumlarda biziň ýurdumyz Milletler Geňeşiniň bu ýurt üçin BMG-niň halkara ykdysady we maliýe goldawyny artdyrmak baradaky kararlaryny goldap, birnäçe gezek anyk teklipler bilen çykyş etdi. Şeýle-de, biziň ýurdumyz BMG-niň howandarlygynda Owganystany dikeltmek boýunça uzakmöhletleýin maksatnamany işläp düzmegiň wajyplygy baradaky başlangyçlary öňe sürdi” diýmek bilen hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasatynyň netijesinde doganlyk Owganystan döwletine yzygiderli ynsanperwerlik kömegini berýändigini belledi. Bu aksiýalaryň owgan halkynda ýakyn dostuna ynanyşmak duýgusyny oýarýandygyny hem-de olaryň bu kömegi we goldawy üçin türkmen halkyna hem-de onuň Milli Liderine çuňňur minnetdarlyk bildirýändiklerini aýdyp, anyk maglumatlar esasynda çykyş etdi.
    Institutyň prorektory özüniň çykyşynyň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň: “...Türkmen tarapynyň Owganystanda parahatçylygyň, ylalaşygyň hem-de bitewüligiň tizden-tiz berkarar bolmagy üçin degişli gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna, zerur şertleriň döredilmegine goňşy we bitarap döwlet hökmünde goldaw bermäge taýýar...” diýen sözlerini getirmek bilen, geljekde Merkezi Aziýa sebitinde ýagdaýyň durnuklaşmagyna we onuň geljekki ösüşine oňyn täsir etjek Owganystanda durnukly parahatçylygyň saklanylmagy bilen türkmen tarapynyň gyzyklanýandygyny ýene bir gezek subut edýändigini aýdyp, sözüni jemledi.

    Aýgül MEREDOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI