27/07/2023
1098
“Hytaý – Merkezi Aziýa” formaty ýene-de gün tertibinde
2023-nji ýylyň 27-nji iýulynda Pekinde Halkara ösüşler boýunça hytaý düşünjeler merkeziniň guramagynda ““Hytaý – Merkezi Aziýa” formatyny ösdürmek boýunça düşünjeleri alyşmak” ady bilen gibrid formatda simpozium geçirildi.
Bu “Hytaý – Merkezi Aziýa” formatyny ösdürmek boýunça ilkinji çäre bolup, onuň işine seljeriş we barlag merkezleriniň bilermenleri, döwlet pudak edaralarynyň, Merkezi Aziýa döwletleriniň ilçihanalarynyň we halkara agentlikleriniň wekilleri, Hytaýyň syýasatçylary, ylmy-barlag institutlary we önüm öndürijileri gatnaşdylar. Çäräniň barşynda hytaý-merkeziaziýa hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüşiniň esaslary hem-de ösüşe böwet boljak wehimleriniň öňüni almagyň ýollary ara alyp maslahatlaşyldy.
Simpoziumyň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Startegik barlaglar boýunça merkeziniň başlygy Ş.Şiriýew göni wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşdy.
Ol çykyşynda döwlet baştutanlary tarapyndan üstünlikli alnyp barylýan syýasatyň halkara gatnaşyklarynda ösüşiň täze sepgitlerine ýetmäge giň mümkinçilik döredýändigini belläp, Türkmenistan – Hytaý gaz geçirijisini hyzmatdaşlygyň hakyky we oňyn mysaly hökmünde görkezdi. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2023-nji ýylyň maýynda Hytaýyň Sian şäherinde «Merkezi Aziýa – Hytaý» sammitinde eden çykyşyna salgylanyp, Türkmenistanyň energiýa serişdelerini halkara bazarlara diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek syýasatyny dowam etmek bilen, taraplar gyzyklanan halatynda, türkmen tebigy gazyny hytaý ugry boýunça ibermek üçin täze taslamalary amala aşyrmaga mümkinçiliginiň bardygyny nygtady.
Seýle hem, Türkmenistanyň öňe süren «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasynyň Ýewraziýada ykdysadyýeti ösdürmäge kuwwatly itergi bermäge gönükdirilendigi, bu taslamanyň Ýuwaş ummanyndan Atlantik ummanyna çenli ägirt uly giňişligi birleşdirip, häzirki zaman ýörelgelerinde önümçilik we tehnologik ulgamlary, senagat guşaklyklary özara baglanyşdyryp biljekdigi aýdyldy. Bu taslama özüniň filosofiýasy we geoykdysady mazmuny boýunça ählihytaý “Bir guşak-bir ýol” taslamasy bilen ýakyndan baglanşyklydyr.
Ykdysadyýet we söwda barada aýdylanda, Hytaýyň we Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň arasynda haryt dolanşygyyň göwrümi diplomatik gatmaşyklar ýola goýlan gününden tä häzirki wagta çenli 100 esseden gowrak artyp, 500 million amerikan dollaryndan 50,1 milliard ABŞ dollaryna çenli ösdi. Hytaý tarapy bu sany 2030-njy ýyla çenli 70 milliard amerikan dollaryna çenli artdyrmagy özüne maksat edinýär.
Şeýle hem çykyşlarda Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasynda ynsanperwer ulgamda, hususan-da bilim babatda hyzmatdaşlygyň ösýändigi bellenilip geçildi.
Strategik barlaglar boýunça ylmy merkez