656
Hytaý diliniň şygyr dünýäsi
2023-nji ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Dünýä dilleri kafedrasynyň «Lingvo World» gurnagynyň guramagynda institutyň talyplarynyň gatnaşmagynda «Hytaý diliniň şygyr dünýäsi» atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.
Duşuşygyň dowamynda institutymyzyň talyplarynyň hytaý medeniýeti we dili barada taýýarlan prezentasiýalarynyň çykyşlary, hytaý dilindäki goşgular diňlenildi. Hytaý dilinde ýerine ýetirlen aýdym bolsa duşuşygyň täsirligini has-da artdyrdy. Bu döredijilik duşuşygynyň geçirilmegi, hytaý diline bolan höwesi, dilde geplemek endikleriniň artmagyna özboluşly ýardam etdi.
Çünki diplomatiýanyň milli mekdebinde bilim alýan talyplar üçin şeýle mümkinçilikler olaryň döredijilik dünýäsiniň täze taraplaryny açýar. Olar diňe dil öwrenmek bilen çäklenmän, eýsem şol ýurdyň taryhy we medeniýeti bilen içgin tanyşýarlar. Bu bolsa geljekki öz ugrunda zähmet çekjek ýaşlarymyzyň ukyp-başarnygyny ýokarlandyrýar.
Mähriban GELENOWA,
Türkmenistanyň Daşary işleri ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň uly mugallymy