Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Makalalar / Hukukçynyň eko-gaby
    Hukukçynyň eko-gaby surady
    01/08/2023

    1096

    Hukukçynyň eko-gaby

    Serdar Rahymow 2001-nji ýylyň 11-nji maýynda Balkan welaýatynyň öňki Hazar şäherinde doguldy. Ol 2008-nji ýylda şol şäherdäki 1-nji orta mekdebe okuwa bardy. 2019-njy ýyldan häzirki wagta çenli türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde bilim aldy.

    «BOBEK» birleşiginiň milli hereketi görnüşindäki hukuk guramalary birleşiginiň goldawy bilen Halkara alymlar birleşigi tarapyndan guralan «GDA-nyň iň göreldeli ýaş alymy — 2022» taslamasynyň ýeňijisi;

    Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň guramagynda «Ýaş telekeçileriň bäsleşigi — 2023» bäsleşiginiň ýeňijisi;

    A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus dili instituty tarapyndan GDA giňişliginde rus dilini goldamak ugrundaky taslama bäsleşiginiň ýeňijisi;

    «BOBEK» birleşiginiň milli hereketi görnüşindäki hukuk guramalary birleşiginiň goldawy bilen Halkara alymlar birleşigi tarapyndan guralan «GDA-nyň iň gowy talyby — 2023» adynyň eýesi.

    Golaýda «GDA-nyň iň gowy talyby» adyna mynasyp bolan Serdar Rahymowyň ylmy-gözleg işleri köpleriň ünsüni özüne çekdi. Sebäbi ol ylmyň kömegi bilen tebigaty plastik zibillerden goramaga şahsy goşandyny goşýan az sanly adamlaryň biri.

    Bilşimiz ýaly, bir gezeklik ulanylýan plastik gaplar gündelik durmuşymyzdan aýry göz öňüne getirilip bilinmejek serişdeleriň hataryna girdi. Metbugat sahypalarynda ýyl-ýyldan millionlarça tonna plastik gaplaryň ekologiýa ýaramaz täsir edýändigini okanymyzda gynanýarys. Ony gorajak başlangyçlar barada okanymyzda bolsa, kalplarymyza şatlyk aralaşýar. Maksadymyz — şu ýazgy arkaly size şol şatlygy ýene bir gezek peşgeş bermek. Sahypamyzyň bu gezekki sanynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara gatnaşyklary fakultetiniň 4-nji ýyl talybynyň öňe sürýän täsin başlangyjy barada giňişleýin gürrüň bermegi makul bildik.

    Serdar ýokary okuw mekdebiniň ilkinji ýylyndan başlap, tebigaty goramak üçin önümçilikde galyndysyz işlemegiň täze ugurlary we plastik galyndylaryň ornuny tutjak önümler bilen baglanyşykly ylmy gözleglere başlady. Şeýlelikde, ýaş talyp bir gezeklik, ekologiýa taýdan arassa gaplaryň önümçiligini ýola goýmagy maksat edinipdi. Ol özüniň ylmy-barlag işlerinde tebigatyň hapalanmagyna ýol bermezlik şerti bilen, bugdaý kepegini we guar ýelimini (kamdiý) saýlap aldy. Netijede, talyp ýigit tebigatda tiz dargaýan eko-gaby oýlap tapdy. Serdaryň bu oýlap tapyşy mikrotolkunly peçde nahar ýa-da şoňa meňzeş zatlar gyzdyrylanda hem öz durkuny üýtgetmän saklamagy başardy.

    Serdar Rahymowyň «Bir gezeklik ulanylýan eko-gap önümlerini döretmek» taslamasy Gazagystan-German uniwersiteti, Şweýsariýanyň Ösüş we hyzmatdaşlyk agentligi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça ykdysady we durmuş komissiýasynyň (ESCAP) goldaw bermeginde guralan Durnukly ösüş maksatlary boýunça halkara olimpiadasynda, Omsk ynsanperwer akademiýasy tarapyndan guralan «Ykdysadyýet we işewürlik — 2022» halkara bäsleşiginde ýeňiji boldy. Şeýle-de, Serdar bu işi bilen S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň geçiren «Ylymly ýaşlar — döwletimiziň geljegi» atly ylmy taslamalaryň sergisinde üstünlikli çykyş edip, diploma mynasyp boldy.

    Ýeňişleriň has ulusy öňde. Islendik oýlap tapyşyň eýesi, şol sanda Serdar üçin hem öz işiniň adamlara peýda berip başlamagy iň uly ýeňiş. Häzirki wagtda telekeçiler ýaş alymyň ylmy gözlegleriniň esasynda eko-gap öndürmek işi bilen çynlakaý gyzyklanýar. Diýmek, onuň pikirleriniň önümçilige ornaşdyryljak günleri hem uzakda däl. Häzirki wagtda degişli edaralardan bu işe ygtyýarnama almak bilen baglanyşykly işler alnyp barylýar. Talyp ýigidiň başlangyjy bilen ýurdumyzda iň ýakyn geljekde tebigat üçin zyýansyz eko-gap önümleri öndürilip başlanar.

    Serdaryň alyp barýan işleri bilen tanşanyňda onuň gazanan üstünliginiň hakyky zehiniň we yhlasyň miwesidigine göz ýetirýärsiň. Ýaş alym: «Ýeňişlerim diňe bir meniň gazanan üstünligim däl-de, eýsem, halypa mugallymlarymyň we maşgalamyň ýardam bermeginiň netijesidir» diýip belleýär. Bu bolsa ylym dünýäsinde alyp barýan yhlasly zähmetiniň netijesinde oňa geljekde hem uly şowlulyklaryň ýar boljakdygyna ynam döredýär.

    Ähli ýaşlara görelde bolýan Serdar: «Men öňde goýan maksadyma ýetjekdigime ynanýaryn» diýip belleýär. Onuň bu buýsançly sözleri döwrümiziň ýaşlarynyň bagtlylygyndan nyşan dälmidir, eýsem?!

    Çeşme:
    https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/newspapers/5/articles/113786

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik surady

    05/06/2025

    Bütindünýä Okeanlar Güni — Tebigatyň kalby bolan giňlik
    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI surady

    05/06/2025

    5-NJI IÝUN – BÜTINDÜNÝÄ DAŞKY GURŞAWY GORAMAGYŇ GÜNI
    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ  СЛОВО surady

    05/06/2025

    ПУШКИН И РУССКИЙ ЯЗЫК: ГЕНИЙ, СФОРМИРОВАВШИЙ СЛОВО
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI