30/11/-0001
574
Hoşallyk maslahaty geçirildi
2022-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 1-nji sentýabr - Bilimler we talyp ýaşlar gününde paýtagtymyzdaky "Mekan" köşgünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynyň üstünlikli geçirilmegi mynasybetli hoşallyk maslahaty geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap geňeşiniň wekilleri, institutyň professor-mugallymlary hem-de talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Çykyş edenleriň belleýşi ýaly, ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi baradaky hemmetaraplaýyn alada Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunyň rejelenen görnüşiniň taslamasynyň taýýarlanylmagy, onuň maksadynyň ýaş nesilleri watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemekden ybaratdygyny çykyş edenler buýsanç bilen bellediler. Hormatly Prezidentimiziň: «Halallyk we maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ýaşlaryň baş ýörelgesine öwrülmelidir» diýen parasatly jümleleri çäräniň mazmunyny düzdi.
Çäräniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ýurdumyzda ýaş nesillere uly üns berilýändigini nygtap, özleri üçin okamak, öwrenmek, kämil hünärmenler bolup ýetişmek mümkinçiligini döredip berýän Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş sözlerini aýtdylar.
Gytja ATDAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara
žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.
Soňky täzelikler
23/11/2024
“MILLI MIRASYMYZ – EGSILMEZ GUWANJYMYZ”23/11/2024
Onlaýn okuw – usuly maslahaty geçirildi