30/11/-0001
741
Hoşallyk maslahaty geçirildi
2022-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Döwlet Maslahatynda edilen taryhy çykyşyna bagyşlanan hoşallyk maslahaty geçirildi. Maslahata institutymyzyň mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda edilen çykyşlarda ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikler, ýurdumyzyň daşary syýasatynda ýetilen sepgitler, ýaşlarymyza döredilýän giň mümkinçilikler hem-de sanly bilim ulgamyny ösdürmekde durmuşa geçirilýän işler dogrusynda aýratyn nygtaldy.
Hoşallyk maslahatynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar halkymyzyň bolelin hem parahat durmuşda ýaşamaga döredýän ähli mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Gurbanjemal ÖDEGURBANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara
žurnalistikasy fakultetiniň IV ýyl talyby.