30/11/-0001
645
Hoşallyk maslahaty geçirildi
2022-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda paýtagtymyzda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de zenanlarynyň dialogyň jemleri bagyşlanan hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa institutyň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Maslahatda Halkara gatnaşyklary institutynyň prorektory Gülşat Ýusupowa, Dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymlary Almanar Ýazberdiýewa, Gülälek Çopanowa hem-de Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Gyzlargül Annagurdowa çykyş etdiler. Çykyşlarda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda ýurdumyzyň paýtagtynda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumynyň hem-de zenanlarynyň dialogynyň möhüm ähmiýeti, onuň parahatçylygy, durnuklylygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki maksady, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygy berkitmekde biziň döwletimiziň gazanan üstünlikleri barada giňişleýin aýdylyp geçildi.
Maslahatyň ahyrynda zenanlaryň hukuklaryny we gender deňligini üpjün edilmekde, zenan mertebesini arşa galdyrýan, howpsuzlygy we parahat ýaşaýyşy üpjün edýän hormatly Prezidentimize alkyş sözleri aýdyldy.
Gurbanjemal ÖDEGURBANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.