03/04/2022
783
HINDISTANYŇ PREZIDENTI HALKARA GATNAŞYKLARY INSTITUTYNDA
2022-nji ýylyň 3-nji aprelinde Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Türkmenistana döwlet saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutyna geldi. Belent mertebeli myhmany talyp gyzlar ter gül desseleri we duz-çörekli garşy aldylar. Institutyň baş binasynda aýdym-sazlar bilen garşylanan hormatly myhman amaly-haşam sungatyna degişli sergini synlady. Bu ýerde geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Halkara gatnaşyklary institutynyň ýolbaşçylary, mugallymlary we talyplary, ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda ilki bilen Hindistanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Widhu Peethambaran Naire institutyň rektoryna ýadygärlik poçta markasyny gowşurdy. Soňra Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind talyplaryň öňünde Hindistanyň taryhy, daşary syýasatynyň aýratynlyklary, türkmen-hindi gatnaşyklary barada çuňňur manyly çykyş etdi. Belent mertebeli Prezident çykyşynyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň goşgusyndan setirleri getirmegi has-da täsirli boldy. Institutyň rektory Jumamyrat Gurbangeldiýew Prezident Ram Nath Kowindi institutda döredilen Hindistanyň burçuny açmaga çagyrdy. Hindistanyň burçunda ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Gahrymany Çynar Rüstemowa hindi dilinde çykyş etdi. Hindistanyň burçy institutda bilim alýan talyplar üçin ýurduň medeniýeti, däp-dessurlary, ylym-bilim ulgamyndaky gazananlary, döwletleriň arasyndaky köpasyrlyk gatnaşyklary içgin öwrenmäge ýardam eder. Şeýle-de iki dostlukly ýurduň kitaplary, medeni gymmatlyklary bilen baýlaşdyrylan Hindistanyň burçunda maglumatlary sanly ulgamyň üsti bilen tanyşmaga hem mümkinçilik döredilen. Tanyşlykdan soňra Hindistanyň Prezidenti Ram Nath Kowind dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Ýokary derejede guralan bu saparynyň çäklerinde hormatly myhmanyň wagt tapyp türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebine gelmegi bu ýerde taýýarlanylýan geljekki halkaraçy hünärmenler üçin ýatdan ýykmajak, örän täsirli duşuşyk boldy.
Sona HALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň
4-nji ýyl talyby.
Şeýle hem bu barada şu ýerden okap bilersiňiz!
Belent derejeli duşuşyk (turkmenistan.gov.tm)
Türkmenmetbugat (turkmenmetbugat.gov.tm)