614
Halypa-şägirtlik duşuşygy
2021-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň baş redaktory Rahmet Gylyjow bilen Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplarynyň arasynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Bu duşuşyk Türkmenistanyň Prezidentiniň 9.04.2021 senesindäki sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky ýadygärlikleri, taryhy şahslary wagyz-nesihat etmek boýunça beren tabşyrygyna laýyklykda, ýokary okuw mekdebimizde 2021-nji ýylda geçirilýän çäreleriň Meýilnamasyny ýerine ýetirmek maksadyna bagyşlanyldy.
Halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirýän bu döredijilik duşuşygynyň dowamynda halypa žurnalist talyp ýaşlara taryhy şahslarymyz, ýadygärliklerimiz, olaryň dünýä medeniýetine goşan beýik goşantlary, şeýle-de häzirki wagtda ýurdumyzda olaryň sarpalanylyşy we KHBS-de şöhlelendirilişi barada gyzykly maglumatlary gürrüň berdi. Şeýle-de duşuşykda ýaş žurnalistler bu ugurdan özlerini gyzyklandyrýan sowallar barada halypa bilen sorag-jogap alyşdylar. Şeýle döredijilik duşuşyklarynyň yzygiderli geçirilmegi ýaş halkaraçy hünärmenlere öz aslyny, taryhyny çuňňur öwrenmekleri we ony bütin dünýäde dabaralandyrmaklary üçin uly görelde mekdebi bolýar.
Tawus AKJAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.