Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Wakalar / Halypa diplomatymyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň abraýly sylagyna mynasyp boldy
    Halypa diplomatymyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň abraýly sylagyna mynasyp boldy
    Halypa diplomatymyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň abraýly sylagyna mynasyp boldy
    Halypa diplomatymyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň abraýly sylagyna mynasyp boldy
    21/11/2023

    2110

    Halypa diplomatymyz Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň abraýly sylagyna mynasyp boldy

    2023-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň müdiri, taryh ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, professor Amangeldi Rahmanowa Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň «Taryh, medeniýet, edebiýat we şekillendiriş sungaty» ugry boýunça abraýly sylagy gowşuryldy. Bu sylagy Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow dabaraly ýagdaýda gowşurdy.
    Mälim bolşy ýaly, 2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitiniň dowamynda bu guramanyň sylaglaryna mynasyp bolanlar yglan edildi. Türkmenistan sebitde ykdysady gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmek maksady bilen, YHG hem-de oňa agza döwletler bilen hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berýär.
    Sylag gowşurylyş dabarasynyň dowamynda halypa diplomatymyz, professor A.Rahmanow guramanyň Guramaçylyk komitetine özüniň ylmy işine ýokary baha berlendigi üçin hoşallyk bildirdi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy netijesinde, häzirki wagtda ýurdumyzda ylmyň ösmegi, alymlarymyzyň halkara bäsleşiklere üstünlikli gatnaşmaklary üçin ähli şertler döredilýär. Sylaga mynasyp bolan professor A.Rahmanow öz adyndan hem-de kärdeşleriniň adyndan milli Liderimize we hormatly Prezidentimize ylmy işgärler baradaky ägirt uly aladasy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi hem-de Bitarap Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmekde öz bilimini we tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
    Dabarada nygtalyşy ýaly, guramanyň işine uly goşant goşýan aýry-aýry adamlaryň işleri ýörite bellenilmelidir, höweslendirilmelidir, bu düzümiň ösdürilmegi we berkidilmegi dogry hem-de mynasyp ädimdir, ol täze taglymlary, başlangyçlary, doganlyk halklaryň we döwletleriň hyzmatdaşlyk ýörelgelerine ygrarlylygyny berkidýär.
    Halypa diplomatymyz A.Rahmanow 1980-nji ýylyň oktýabryndan 1992-nji ýylyň fewralyna çenli Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary wezipesinde işledi, soňra 1992-nji ýylyň fewralyndan 1995-nji ýylyň ýanwaryna çenli Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky ilkinji Hemişelik wekili wezipesinde işläp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 47-nji, 48-nji we 49-njy sessiýalarynda Türkmenistan döwletimize wekilçilik etdi. 1995-nji ýylyň martyndan 2001-nji ýylyň martyna çenli A.Rahmanow Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky ilkinji Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, şeýle hem 1996-njy ýylyň aprelinde utgaşdyryp işlemek bilen, Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilkinji Adatdan Daşary we Doly ygtyýarly ilçisi boldy.
    Professor A.Rahmanow 2008-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda işleýär. Halypa diplomatymyz häzirki wagtda çenli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan ýaş talyplar üçin niýetlenen birnäçe okuw kitaplarynyň awtorydyr. Olar, «Diplomatik gullugyň esaslary (taryh-kadalar-nazaryýew-tejribe)» (2012), «Birleşen Milletler Guramasy we onuň ulgamy» (2014), «Diplomatik wekilhanalar we habar-seljeriş-düşündiriş-işi» (2015), «Türkmenistan-Hytaý: Taryh we häzirki döwür» (2017), «Türkmenistanyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň taryhy» (2019) kitaplarydyr.
    2023-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň gününde professor A.Rahmanow «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglandy. A.Rahmanow Türkmen diplomatik gullugynyň üstüni kämil hünärmenler bilen ýetirmekde köp işleri bitiren Halypa diplomatdyr.

    Rahym AKMURADOW,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

    Soňky täzelikler

    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY surady

    22/05/2025

    “TALYP JOŞGUNY – 2025” ATLY DÖREDIJILIK FESTIWALY
    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ surady

    22/05/2025

    BAÝRAMÇYLYGA BAGYŞLANAN GEZELENÇ
    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ surady

    13/05/2025

    DAŞARY ÝURTLY MYHMANLAR ÜÇIN WATANYMYZYŇ TARYHY ÝADYGÄRLIKLERINE GEZELENÇ
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI