17/12/2025
52
HALYPA DIPLOMAT BILEN GEÇIRILEN USSATLYK SAPAGY
2025-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň guramagynda halypa diplomat bilen ussatlyk sapagy geçirildi.
Sapak BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji plenar mejlisinde hödürlenen «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş prosesini üpjün etmek hem-de pugtalandyrmak işinde Bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamanyň ähmiýetine bagyşlanyp, ony Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň professory, taryh ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, «Türkmenistanyň ussat diplomaty» atly tapawutlandyryş nyşanynyň eýesi Amangeldi Rahmanow alyp bardy.
Sapagyň dowamynda professor A.Rahmanow Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň saýlap almagy barada we onuň filosofiki manysy hakynda giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle-de professor Bitaraplyk syýasatynyň halkara meseleleriniň parahatçylykly ýol bilen çözülmegine uly ähmiýet berýändigini nygtady. Muňa mysal edip, professor A.Rahmanow Aşgabat şäherinde ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkezi, sebitde parahatçylygy we durnuklylygy üpjün etmekde möhüm orun eýeleýändigini belledi.
Mundan başga-da, halypa diplomat Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasaty, halkara derejesinde ykrar edilip, dünýä ýurtlary bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmakda we ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini belläp, bu syýasatyň sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we ösüşi üpjün etmekde möhüm goşant goşýandygyny aýtdy.
Şeýle sapaklaryň türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde yzygiderli geçirilmegi talyp ýaşlaryň syýasy düşünjeleriniň hem-de bu ugurda goşmaça bilim endikleriniň kämilleşmegine uly goşant goşýar.
Rahym AKMURADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy.
Soňky täzelikler
17/12/2025
Onlaýn açyk sapak geçirildi
17/12/2025
YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI