19/02/2026
91
HALYPA DIPLOMAT BILEN DUŞUŞYK
2026-njy ýylyň 19-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň hem-de “Ýaş hukukçylar” ylmy gurnagynyň guramagynda Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, halypa diplomaty Nurberdi Amanmyradow bilen duşuşyk geçirildi. Bu duşuşyga Halkara hukugy fakultetiniň mugallymlary we talyplary işjeň gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda halypa diplomat halkara hukukçy talyplara özüniň diplomatik gullukda işlän döwründäki baý iş tejribesini köpsanly mysallaryň üsti bilen giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle hem halypa diplomat Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatynyň, halkara derejesinde ykrar edilip, dünýä ýurtlary bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmakda we ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedigini aýratyn belläp, bu ugurda halkara hukukçy hünärmenleriň hem ornunyň bardygyny nygtady.
Bu geçirilen duşuşygyň ahyrynda mugallymlar we talyplar halypa diplomata beren gyzykly gürrüňleri üçin köp sagbolsun aýtdylar we birnäçe özlerini gyzyklandyrýan soraglary berdiler. Şeýle duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi ýaş hünärmenleriň bilimini we tejribesini artdyrmaga uly mümkinçilik döredýär.
Şirin GARATAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.