14/05/2026
51
Halklaryň arasyndaky ebedi dostluk: hytaý wekiliýeti bilen gül goýmak dabarasy geçirildi
2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Hytaý Halk Respublikasyndan gelen wekiliýetiň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda gül goýmak dabarasy geçirildi.
Dabara Gündogaryň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň görnükli ýadygärliginiň öňünde başlandy. Gatnaşyjylar türkmen halkynyň edebi mirasyna hormat goýmagyň Pyragynyň pähim-paýhasynyň biziň diplomatik gatnaşyklarymyzyň ruhy binýady bolup hyzmat edýändigini bellediler.
Çäräniň dowamynda gatnaşyjylar meşhur hytaý şahyry Du Funyň ýadygärligine hem baryp gördüler. Ýadygärlikde gül goýulmagy hytaý medeniýetine bolan çuňňur hormatyň we iki dostlukly halkyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalanmagynyň nyşanyna öwrüldi.
Garaşsyz Watanymyzyň geljegi bolan ýaş diplomatlaryň gatnaşmagynda geçirilen bu çäre, halkara dostlugy ösdürmekde hem-de talyp ýaşlaryň milli medeniýetimize we onuň dünýä bilen arabaglanyşygyna bolan buýsanjyny has-da artdyrmakda uly ähmiýete eýe boldy.
Ogulşeker MUHAMMETGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby