Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / Halkara žurnalistikasy: Halypa - şägirtlik ýörelgesi bilen
    Halkara žurnalistikasy: Halypa - şägirtlik ýörelgesi bilen surady
    30/11/-0001

    695

    Halkara žurnalistikasy: Halypa - şägirtlik ýörelgesi bilen

      2021-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda  Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýokary derejeli žurnalistleri taýýarlamaga aýratyn üns bermek, şeýle hem, žurnalistika babatda halypa-şägirt ýoluny ösdürmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen “Dünýä edebiýaty” žurnalynyň baş redaktory Rahmet Gylyjowyň gatnaşmagynda Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary bilen döredijilik amaly sapak geçirildi.

      Amaly sapagyň dowamynda oňa gatnaşyjylar ýaş žurnalistleriň watançylyk, ahlaklylyk ruhunda terbiýelenip, başarjaň žurnalistler bolup ýetişmelidigi, şeýle hem olaryň ösen kompýuter tehnologiýalaryndan hem-de sanly ulgamdan kämil baş çykarmagynyň zerurlylygy dogrusynda belläp geçdiler.  Žurnalist Rahmet Gylyjow ýaş žurnalistlere habar üçin maglumat toplamak, habar çeşmeleri bilen işleşmegiň aýratynlyklary, täzelikleri, habarlary ýaýratmak arkaly ýurdumyzyň ösüşlerini, Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatyny halkara habarlar giňişliginde şöhlelendirmekde alnyp barylýan işler barada gyzykly maglumatlary gürrüň berdi. Mundan başga-da, myhman žurnalistika babatda halypa-şägirtlik ýoluny ösdürmekligiň hem möhümdigini belledi. Amaly sapakda türkmen žurnalistikasynyň ösmeginde birnäçe işleri bitiren halypa žurnalistlerimiziň zähmet ýoluny çuňňur  öwrenmek, şeýle hem ata-babalarymyzdan gelýän milli mirasymyzy gorap saklamak, ony baýlaşdyrmak  we giňden wagyz etmek žurnalistika hünärinde bilim alýan her bir talybyň esasy maksady bolmalydygy nygtaldy. Şeýle hem, ussat terjimeçi bolan Rahmet Gylyjow şol ugur bilen gyzyklanýan talyplara edebi redaktirleme we terjime işiniň aýratynlyklary baradaky täsirli maglumatlary talyplar bilen paýlaşdy. Ol daşary ýurt eserlerini terjime etmekligiň hem-de olary edebi redaktirlemegiň aýratyn ussatlygy we tejribäni talap edýändigini belläp geçip, talyplara birnäçe terjime eserlerini yzygiderli okamaklygy maslahat berdi.

      Şeýle-de, amaly sapaga gatnaşyjy talyplar gyzykly we maglumata baý çykyşyň dowamynda häzirki zaman dünýä tejribesinde žurnalistikanyň möhüm meseleleri barada  özlerini gyzyklandyrýan soraglary bilen ýüzlendiler. Geljekki halkaraçy žurnalistler bolup ýetişjek talyplar üçin bu amaly sapak örän täsirli boldy.

    Amaly sapagyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize döredilýän ahli mümkinçilikler üçin köp sagbolsun aýtdylar.

    Egirjäýewa Gurbanjemal

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň 

    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI