531
Halkara žurnalistikasy: Halypa-şägirt ýörelgesi bilen
2021-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 23-nji dekabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçiren iş maslahatynda ýokary derejeli žurnalistleri taýýarlamaga aýratyn üns bermek, şeýle hem žurnalistleriň döwrebap sanly foto kameralardan, kompýuterlerden, dizaýn işlerinden oňat baş çykarmagy, žurnalistika babatda halypa-şägirt ýoluny ösdürmek barada beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Edebiýat we sungat” gazetiniň baş redaktory Ogulmaýsa Allaberdiýewanyň gatnaşmagynda Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplary bilen amaly sapak geçirildi.
Amaly sapagyň dowamynda Ogulmaýsa Allaberdiýewa ýaş žurnalistlere hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ösüşlerini, alyp barýan içeri we daşary syýasatyny mynasyp şöhlelendirmekde köpçülikleýin habar beriş serişdelerimiziň wekilleriniň, ussat žurnalistleriň zähmeti, goşýan goşandy, olayň öňlerinde goýlan wezipeleri, borçlary barada aýdyp, edil wagyzçylar, žurnalistler bilen bir hatarda oňa ähli ýaşlaryň hem borçludygyny nygtady.
Şeýle-de ol häzirki wagtda mähriban Arkadagymyzyň üns merkezinde bolan halypa-şägirt ýoluny ösdürmekde türkmen edebiýatynda we žurnalistikasynda uly yz galdyran halypa žurnalistlerimiziň, ýazyjy-şahyrlarymyzyň zähmet ýoluny, özboluşly döredijilik çemeleşmelerini çuňňur öwrenmek, ata-babalarymyzdan gelýän milli mirasymyzy gorap saklamak we ony giňden wagyz etmek žurnalistika hünärinde bilim alýan her bir talybyň esasy maksady bolmalydygyny aýratyn belledi. Ussat hünärmeni taýýarlamak döwrüň talaby. Şonuň üçin hem, ussatlyga ýetmekligi maksat edinen her bir ýaş žurnalistiň irginsiz zähmet çekip, ähli işe ynam bilen dogumly çemeleşmelidigini maslahat berdi.
Köp okujyly, ençeme halypalaryň döredijilik, halypalyk edip yhlas siňdiren, 60-dan gowrak ýyl bäri çap edilýän “Edebiýat we sungat” gazetinde hereket edýän, manyly rubrikalaryň astynda berilýän materiallar, olary redaktirlemekde halypalaryň ussatlyklary, gazetiň söýlüp okalmagy üçin goşulan mynasyp goşantlar barada aýratyn mysallara ýüzlenip, täsirli gürrüň berdi.
Şeýle-de ol: “Gazetimizde täze döredilen “Şahyryň sözi” rubrikasy ýaşlar üçin örän peýdaly bolar. Sebäbi biz şol rubrikada halypa şahyr, Türkmenistanyň gahrymany Gözel Şagulyýewanyň, merhum ýazyjy-şahyrlarymyz bolan Gurbannazar Ezizow, Kerim Gurbannepesow, Çary Geldimyradow ýaly ussatlaryň ýazmak bilen bagly ýatlamalaryny, maslahatlaryny çap edip ýaşlar üçin döredijilik mekdebini dörederis...” diýip, geljekki žurnalistlere şol materiallary okap, öz üstlerinde yzygiderli işlemeklerini döwrüň, Gahryman Arkadagymyzyň ynamyna mynasyp hünärmenler bolup ýetişmeklerini ündedi.
Dürli sowallara döredijilikli, maglumatly jogaplar arkaly täsirli alnyp barlan amaly sapagyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar okamaga, öwrenmäge, döretmäge, döredijilikli zähmet çekmäge döredilýän mümkinçilikler üçin mähriban Arkadagymyza köp sagbolsun aýtdylar.
Gurbanjemal Egirjäýewa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara
žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby.