02/10/2024
521
HALKARA ZORLUKSYZLYK GÜNI WE MAHATMA GANDINIŇ DOGLAN GÜNINIŇ 155 ÝYLLYGY MYNASYBETLI ÇÄRE GEÇIRILDI
2024-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Halkara zorluksuzlyk güni şeýle-de Mahatma Gandiniň doglan güniniň 155 ýyllygy mynasybetli türkmen diplomatiýasynyň ýokary mekdebi bolan Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda dabaraly çäre geçirildi. Çäräniň başynda şanly senäni ebedileşdirmek maksady bilen institutyň meýdançasynda bag oturtmak dabarasy geçirildi. Onuň yzysüre, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasarynyň, şeýle hem Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň gatnaşmagynda Mahatma Gandä bagyşlanan «Meniň ömrüm-meniň pendim» atly surat sergisiniň açylmagy bilen dowam etdi.
Halkara zorluksyzlyk güni we Mahatma Gandiniň doglan güniniň 155 ýyllygy mynasybetli maslahat geçirilip, maslahatyň dowamynda Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary, BMG-niň Türkmenistandaky sebitleýin utgaşdyryjysy çykyş etdiler. Çykyşlaryň dowamynda Mahatma Gandiniň ömür ýoluna bagyşlanan gysga wideofilm görkezildi.
Şeýle hem, bu günki geçirilen çäre mynasybetli institutyň rektoryna Hindistan Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi tarapyndan Mahatma Gandi hakyndaky kitaplar sowgat hökmünde gowşuryldy.
Hindistan Respublikasynyň garaşsyzlygyny almak üçin amala aşyrylan işleriň lideri, zorluksyzlyk baradaky pelsepesiniň we strategiýasynyň esaslandyryjysy Mahatma Gandiniň doglan güni bilen bilelikde Halkara güýç ulanmazlyk gününiň bellenilip geçilmegi parahatçylyk, çydamlylyk, düşünişmek we zorluksyzlyk medeniýetini ösdürmäge mümkinçilik berýär. Aýratyn-da, Mahatma Gandiniň «Garşydaşyňy söýgi bilen ýeň!» diýen pelsepesi hindi halkynyň arasynda uly goldaw tapyp, islendik meseläni parahatçylygyň üsti bilen çözmeklige çagyrýar.
Bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň we Mahatma Gandiniň parahatçylyk filosofiýalarynyň gabat gelmegi, türkmen-hindi gatnaşyklarynyň has ösmegine we berkemegine giň mümkinçilik döredýär.
Ýeri gelende belläp geçsek, häzirki wagtda institutymyzyň düzüminde hem «Hindi burçy» hereket edip, ol 2022-nji ýylyň 4-nji aprelinde Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowindiň Türkmenistana döwlet saparynyň çäklerinde we gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylyp, ulanylmaga berildi. Bu bolsa geljekki halkaraçy hünärmenlere ýurdumyzyň hyzmatdaş döwletiniň medeniýetini, dilini içgin öwrenmäge giň mümkinçilik döredýär.
Şasenem MEÝLISOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.