30/11/-0001
658
Halkara terjime güni mynasybetli bäsleşik
2022-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Halkara terjimeçiler güni mynasybetli Dünýä dilleri kafedrasynyň “Lingvo World” gurnagynyň guramagynda institutyň ähli fakultetleriniň I ýyl talyplarynyň arasynda zehin bäsleşigi geçirildi. Bäsleşik iňlis dilinde geçirilip, onda her fakultetden bir topar çykyş etdi.
Bäsleşigiň dowamynda toparlar prezentasiýa taýýarlamak, nakyllary we Gahryman Arkadagymyzyň “Garaşsyzlyk – bagtymyz” atly kitabyndan bir bölek terjime etmek ýaly dürli şertler boýunça bäsleşdiler. Bäsleşigiň esasy maksady talyplaryň daşary ýurt dillerini kämilleşdirmek we terjime etmek endiklerini ýokarlandyrmak, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň Karary esasynda her ýylyň 30-njy sentýabrynda bellenilýän Halkara terjimeçiler gününiň ähmiýetini düşündirmekden ybaratdyr. Şu nukdaýnazardan, dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymlaryndan düzülen emin agzalary ýeňijileri yglan etmekde öran adalatly çemeleşdiler. Netijede, I orna Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň talyplar topary, II orna Halkara gatnaşyklary fakultetiniň talyplar topary, III orna Halkara hukuk fakultetiniň we IV orna Halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyplar topary mynasyp boldy.
Bäsleşigiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar institutyň mugallymlarynyň we talyplarynyň adyndan ýurdumyzyň ähli terjimeçilerini we bäsleşigiň ýeňijilerini Halkara terjimeçiler güni bilen gutladylar. Dünýä dillerini öwrenmäge mümkinçilik döreden Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Ýagşymyrat ÖWEZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.