21/11/2023
2196
Halkara teatr festiwalynyň ýapylyş dabarasy boldy
2023-nji ýylyň 17-nji noýabrynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynda Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinde 14 — 16-njy noýabr aralygynda geçirilen «Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň ýapylyş dabarasy geçirildi.
Halkara festiwalyň ýapylyş dabarasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradow çykyş edip, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda medeniýet ulgamyny ösdürmek ugrundaky alnyp barylýan işleriň has-da rowaçlyklara beslenýändigini, ýurdumyzda halkara derejesindäki medeni çäreleriň yzygiderli geçirilýändigini, daşary ýurtlarda geçirilýän halkara festiwallara ýurdumyzyň hem-de medeniýet we sungat işgärleriniň yzygiderli gatnaşýandygyny buýsanç bilen belledi hem-de Aşgabat we Arkadag şäherlerinde geçirilen halkara teatr festiwalynyň halkaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň pugtalanmagyna, medeni hyzmatdaşlygyň has-da artdyrylmagyna özboluşly ähmiýetiniň bardygyny belledi.
Dabaranyň dowamynda üç gün dowam eden halkara festiwala gatnaşýan ýurtlaryň teatrlarynyň döredijilik toparlaryna ýörite Diplomlardyr Kuboklar gowşuryldy.
Festiwalyň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşan teatrlaryň ýolbaşçylary hem çykyş edip, nobatdaky festiwalyň guramaçylykly hem-de üstünlikli hem-de guramaçylykly geçirilendigini bellediler.
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky baş akademiki drama teatrynyň artisti Şemşat Kasymowanyň dabaranyň dowamynda ýerine ýetiren «Teatr — meniň ykbalym» atly çeper okaýşy dabaranyň özboluşly şatlygyny artdyrdy.
«Bagtyýarlyk döwrüniň teatr sungaty» atly IV halkara festiwalyň ýapylyş dabarasy ýurdumyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetiren «Hoş gal, festiwal!» atly aýdymy dostlugyň owazy bolup ýaňlandy.
Çäräniň ahyrynda halkara teatr festiwalyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.
Berdigylyç ÝAZMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň II ýyl talyby