588
Hindi gumanisti we syýasatçysy Mahatma Gandiniň doglan güni
Hindistanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda hindi gumanisti we syýasatçysy Mahatma Gandiniň doglan gününe bagyşlanan baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabarany Hindistanyň Türkmenistandaky Ilçisi Widhu Pithambaran Nair alyp bardy. Adatça hindi toý-baýramçylyklarynda ulanylýan mämişi hindi gül bezegi marigold güllerini Aşgabat şäherindäki Bagtyýarlyk sport toplumynyň çäginde ýerleşýän Mahatma Gandiniň ýadygärligine goýyldy. Soňra baýramçylyk mynasybetli hindi Ilçihanasy Mahatma Gandiniň durmuş ýoly baradaky wideosyny görkezdi.1869-njy ýylyň 2-nji oktýabrynda Mahatma Gandi “Hindi döwletiniň atasy” ady dakylýar we şol günden bäri bu baýramçylyk her ýyl Hindistanyň hemme şäherlerinde giňden bellenilip gelinýär. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2007-nji ýylyň 15-nji iýunynda, “2-nji oktýabry - Halkara zorluksyzlyk (sütemsizlik) güni” diýip, yglan edildi.
Gülbahar ÖWEZNIÝAZOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.