12/07/2023
1455
HALKARA HUKUGY DERSINI OKATMAGYŇ HÄZIRKI ZAMAN USULYÝETI
Gahryman Arkadagymyz: “Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir” diýip belleýär (Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň taryhy, ýaş nesliň mukaddes borçlary hem-de wezipeleri barada geçen umumy sapagy. altynasyr.newspaper@sanly.tm). Häzirki döwürde bilim ulgamyna täze usullaryň ornaşdyrylyşy çaltlandyrylýar.
Ýurdumyzda amala aşyrylýan düýpli özgertme¬ler we täze ösüşler gönüden-göni ykdysadyýetiň ähli ugurlaryny gurşap alýar. Hormatly döwlet Baştutanymyzyň tagallasy bilen, bilim özgertmeleriniň hukuk binýady berkidilýär. Kämil Kanunlaryň kabul edilmegi döwletimiziň ykdysady, medeni, durmuş ugurlaryndaky ynamly ösüşlerini we ygtybarly öňe gitmegini kepillendirýär. Bilim babatda jemgyýetçilik gatnaşyklarynyň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýän, döwlet syýasatynyň bilim ulgamyndaky binýatlyk ýörelgelerini, şeýle hem bilimiň maksatlaryny, wezipelerini, hyzmatlaryny we onuň işini dolandyrmagyň tertibini kesgitleýän “Bilim hakynda” (rejelenen görnüşi) Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi. Ýurtda giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmek üçin ýokary bilimli we medeniýetli, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen, başarjaň şahsyýetleri we işine ussat hünärmenleri taýýarlamak zerurdyr.
Munuň bilen baglanyşyklylykda hukuk hünäri boýunça okadylýan dersleriň mazmunyna we usulyýetine aýratyn talaplaryň bildirilýändigini hem bellemek bolar. Olaryň biri-de halkara hukugy dersidir. Bu ders geljekki hünärmenleriň bilimlilik derejesini, aň, ruhy hazynasyny gymmatly maglumatlar, döwrebap pikirler bilen baýlaşdyrmalydyr.
Ýokary okuw mekdeplerinde halkara hukugy dersini okatmagyň özboluşly aýratynlyklary bardyr. Her bir hukukçyny taýýarlamak işi pedagogika we bilim bilen sazlaşykly alnyp barylmalydyr. Halkara hukugy dersini okadýan mugallymlaryň diňe öwredilýän tertip-düzgüni gowy bilmän, eýsem, talyplaryň pedagogikasy we psihologiýasy barada-da çuňňur bilimleri bolmalydyr.
Islendik dersi, şol sanda halkara hukugy dersini okatmagyň usullaryny bilmän, bilim berip bolmaýar. Mugallymyň halkara hukugy dersini usuly taýdan dogry guramagynda, ýagny talybyň tertip-düzgüne bolan gyzyklanmasynyň ýitmezliginde, mugallymçylyk ukyplarynyň ösdürilmeginde, kämilleşdirmeginde onuň pedagogik düzgünlerini berjaý etmegine uly orun degişlidir. Diýmek, halkara hukugy dersini okadýan mugallym hem pedagog, hem hukukçy bolmalydyr.
Hukuk ulgamynyň islendik pudagyny düýpli öwrenmek yzygiderli zähmeti, tutanýerliligi talap edýär. Esasan-da, halkara derejesindäki hukuk meselelerini çözmekde halkara gatnaşyklaryndan, daşary syýasatdan we başga-da birnäçe ugurlardan baş çykaryp bilmek zerurlygyny ýüze çykarýar.
Halkara hukugy dersinde talyplara halkara hukugynyň taryhy, onuň gelip çykyşy, döwürleri, wezipeleri, maksatlary, ýörelgeleri boýunça çuňňur bilim berilýär.
Halkara hukugynyň pudaklaryndan halkara hukugynyň nazaryýeti, halkara ynsanperwer hukugy, halkara hukugynda adam hukuklary, halkara howa hukugy, halkara deňiz hukugy, halkara ekologiýa hukugy,halkara guramalar hukugy,halkara şertnamalar hukugy, diplomatik we konsullyk hukugy, halkara jenaýat hukugy, halkara ykdysady hukugy, halkara kosmos hukugy, halkara hukugynda jogapkärçilik, halkara howpsuzlyk hukugy we beýleki birnäçesi aýratyn ders hökmünde öwredilýär.
Halkara hukugy ugrundan ýörite bilim alýan talyplar okuwyň barşynda hukuk kadalary hökmünde halkara hukugyň mazmunyny, çeşmelerini we halkara hukuk kadalarynyň emele gelşini, esasy ýörelgelerini, subýektlerini, halkara we milli hukuk kadalarynyň özara baglanyşygyny, halkara jedelleri çözmegiň parahatçylykly usullaryny, halkara hukugy boýunça jogapkärçiligi, şertnamalaryň hukuk ýagdaýyny, halkara guramalary we konferensiýalary, halkara gatnaşyklaryň hukuk ýagdaýyny, şeýle hem, adam hukuklarynyň arabaglanyşygyny bilmelidir. Şeýle-de, olar hukuk düşünjelerini we derejelerini tejribede ulanmagy, hukuk hadysalary we olar bilen baglanyşyklylykda ýüze çykýan hukuk kadalaryny seljermegi, teswirlemegi we dogry ulanmagy, hukuk kadalaryna laýyklykda, özbaşdak karar kabul etmegi we amallary ýerine ýetirmegi başarmalydyr.
Halkara hukugyndaky häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän bilim bermekde okatmagyň täze usullarynyň ulanylmagyny talap edýär:
Şu nukdaý nazardan halkara hukugy dersini okatmagyň häzirki wagtda giň ýaýran görnüşlerini görkezip geçmek ýerlikli bolar:
• Umumy okuw
• Okamak
• Audio wiziuallaşdyrma
• Görkezme esbap
• Gürrüňdeşlik (söhbetdeşlik)
• Anyk işiň tejribesi
• Öwretmek.
Halkara hukugy dersini okatmagyň häzirki zaman usulyýetleriniň birnäçe görnüşlerini hem görkezip geçmek mümkin. Olardan: iş oýny, beýni hüjümi, toparda ara alyp maslahatlaşmak, ýagdaýy derňemek, keýs bilen işlemek, audiowizuallaşdyrma,anyk işiň tejribesi we beýlekiler.
“Iş oýny” (деловая игра) usulynyň artykmaçlyklary barada aýdylanda, talyplar bir toparda işlemegi öwrenýärler, şertnamalardaky kynçylyklary ýüze çykarmak we derňemek, jedeller ýüze çykan halatynda, umytsyz ýaly görünýän ýagdaýlardan baş alyp çykmagyň ýollaryny tapýarlar we ş.m.
“Beýni hüjümi” (мозговой штурм) usuly Ýewropa ýurtlarynda has ösen usullaryň biri bolup, oňa gatnaşýan talyplaryň döredijilik işjeňligini höwes-lendirmek esasynda meseleleri çalt ýerine ýetirmegi, özleriniň dürli pikirlerini hödürlemegi terbiýeleýärler. Şol bir wagtyň özünde, berlen ýumuşlary we meseleleri çözmäge ukybynyň döremegine mümkinçilik berýär. Bu usul täsirli usullardan biri hasaplanýar, sebäbi ol ulanylyşynyň ýönekeýligi we köptaraplylygy bilen häsiýetlendirilýär. Bu usuly ulanmak üçin köp wagt sarp edilmeýär. Netijede, talyplara şertnamalary baglaşmagyň aýratynlyklaryny düşündirmek we hukuk kadalaryna laýyklykda, milli kanunçylygy ornaşdyrmaklygy öwrenmek mümkin bolýar.
1-nji surat
“Toparda ara alyp maslahatlaşmak” (групповая дискуссия) usuly bellibir topar tarapyndan haýsy-da bolsa bir meseläni çözmek maksady bilen, talyplaryň bilelikdäki çärelerini guramagyň usuly hökmünde tejribede ulanylýar. Mysal üçin, “Jedel erbetmi ýa gowumy?” diýen soragda göz öňünde tutulan bu usul talyplaryň arasynda toparlaýyn pikirlenmäni emele getirýär, özara maglumaty baýlaşdyrylýar. Toparda ara alyp maslahatlaşmak usulyny, bir mesele ýa-da haýsy-da bolsa ýagdaý baradaky umumy pikiri hakyky durmuş şertlerinde öwrenmek üçin ulanmak maslahat berilýär.
“Ýagdaýy derňemek” ýa-da “keýs” (ситуационный анализ или кейс-стади) usulyny ulanyp, talyplar öz nukdaýnazaryndan başarnyklaryny açyp görkezmek, belli bir ýagdaýa tankydy baha bermek, köp mukdarda maglumat bilen işlemek we jedelleriň dogry çözgüdini tapmak ukybyny ösdürip bilerler.
“Audiowizuallaşdyrma” (аудиовизуализация) – bilim maglumatlaryny wizuallaşdyrmak talyplaryň düşünmeklerine amatly bolmagy üçin şekilli görnüşinde okuw maglumatlaryny hödürlemekdir. Bu usulda talybyň pikirlenmek ukyplaryny (derňew, sintez, konkretizasiýa we abstraksiýa) kemala getirmäge mümkinçilik döreýär. Wideo görkezmekde talyplara göçürip almak mümkinçiligi döredilip, olaryň geçilen maglumatlary doly özleşdirmeklerine kömek edýär. Şeýle meseleler diňe bir talyplaryň gyzyklanmasyny artdyrman, eýsem geljekki hünärinde kämilleşdirilmegine hem kömek eder.
Interaktiw usullar talyplaryň diňe bir mugallym bilen däl, eýsem, okuw işinde interaktiw tagtalaryň üsti bilen işjeňliginiň ösmegine gönükdirilip, biri-biri bilen işjeň söhbetdeşlik ýa-da gepleşik geçirmek görnüşinde amala aşyrylýar. Ol okuw işini amala aşyrmakda anyk işiň tejribesi hökmünde uly täsir galdyrýar, ýagny her bir talyp bu usulyň kömegi bilen sapakda alan bilimlerini başga birine öwretmek ýa-da tejribede ulanmak arkaly maglumatlary durmuşa ornaşdyrmakda ýokary netijeleri gazanýar.
Ýurdumyzyň bilim ulgamynyň sanly tehnologiýalara daýanýan häzirki döwründe täze usullaryň has ösen görnüşi sanly ulgam bilen baglanyşdyrylýar. Muňa mysal hökmünde ýazgy edilen umumy sapaklary görkezmek bolar. Öň ýazgy edilen umumy sapaklarda, göni ýaýlymdaky sapaklardan tapawutlylykda, mugallym gatnaşmazdan, talyp islendik wagt öz islegine görä öwrenmek mümkinçiligini döredip bilýär. Şeýle hem talyp berlen maglumatlary gaýtalamak üçin dürli çeşmelerden peýdalanýar we umumy sapaklardaky öň ýazgy edilen maglumatlaryny sapakdan-sapaga geçirmeýär. Öwrenilen maglumatlary berkitmek üçin dürli ýumuşlar, ýagny jedeller, mesele çözmek, çuňňur pikir çekişmeleri ýaly usullary ulanyp bolar.
Bütin dünýäde okatmagyň adaty görnüşleri tehnologiýanyň örän çalt depginde ösmegi bilen üýtgäp durýar. Okuw usullarynyň köpdügine garamazdan, ulanylýan adaty usullaryň köpüsi onlaýn ýagdaýa deň derejede ulanylyp bilner. Interaktiw tagtany ulanmak bilen sapaklary has hem täsirli görnüşde gurap bolýar.
Ylym-bilim ulgamynda özgertmeleriň maksada laýyk durmuşa geçirilmegi bu ulgamy yzygiderli kämilleşdirip, ony hil taýdan täze derejelere çykarýar. Täze ýokary okuw mekdepleriniň açylmagy bilen, häzirki döwre zerur bolan hünärmenler taýýarlanylýar. Şu nukdaýnazardan, ýurdumyzyň ýaşlarynyň halkara derejesinde bilim almaklaryna we hünär öwrenmeklerine giň mümkinçilikler döredildi.
Bilim ulgamynda geçirilýän özgertmeler şol wezipäni, ýagny ähli ugurlar we pudaklar üçin tejribeli hünärmenleri taýýarlamak meselesini çözmäge gönükdirilendir. Ýurdumyzda bilim ulgamynda dünýäniň oňyn tejribesi işjeň öwrenilýär, daşary ýurtlaryň bilim we ylym merkezleri bilen gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär (https://www.mfa.gov.tm/tk/articles/8).
Ýaşlaryň halkara hukuk meselelerine bolan gyzyklanmalary nazarda tutulyp, halkara hususy hukugy we halkara jemagat hukugy ugurlary boýunça magistratura bölümleriniň açylmagy, talyplaryň tejribeli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda halkara hukugynyň ulgamy, onuň ösüşi we geljegi bilen bagly dürli ugurly ylmy işleri ýerine ýetirip, alan nazary bilimlerini has-da çuňlaşdyrmaklary hem bellenilip geçilmäge degişlidir.
Türkmenistanyň bilim ulgamyna degişli ýokary okuw mekdepleri dünýä tejribesiniň gazananlaryny yzygiderli ornaşdyrýan daşary ýurtlaryň bilim ojaklary bilen bilelikde, wideo şekilli sapaklary, maslahatlary guraýarlar. Okuw sapaklarynyň daşary ýurt dillerinde guralmagy bolsa, ýaşlaryň hünär ussatlygynyň has hem artmagyna, sözleýiş endikleriniň kämilleşmegine uly ýardam berýär.
Häzirki döwürde ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi hem-de watan söýüjilik ruhunda terbiýelenmegi bilen baglanyşykly meselelere, maglumat-kommunikasiýa we sanly tehnologiýalar ulgamynda ýokary hünärli işgärleriň taýýarlanmagyna möhüm ähmiýet berilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, “Ylym-bilim, ösen tehnologi ýalar bilen düýpli gyzyklanýan ýaşlary ýüze çykaryp, olaryň ukyp-başarnyklaryny açmagy üçin şertler döredilmelidir” (“Halkara maýa goýum arbitražy” boýunça geçirilen ýörite okuwlar üstünlikli tamamlandy. https://www.iirmfa.edu.tm/new/successful-completion-special-course-international-investment-arbitration).
Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” bilim almagyň elektron maglumat çeşmesiniň elýeterliligini üpjün edýär. Bu Konsepsiýany durmuşa ornaşdyrmakda talyplaryň intellektual mümkinçiliklerini baýlaşdyrmaga şert döredýär we bilim almagyň bitewi elektron maglumat giňişligini elýeterli edýär.
Häzirki zaman şertlerinde tutuş dünýäde sanly ulgam boýunça bilimleri artdyrmagyň oňyn tejribesi geljekki halkara hukukçylary taýýarlamak babatyndaky hünär işinde kämilleşmeginde, kompýuterden peýdalanmak endikleriniň we tehnologik sowadynyň artmagynda uly ähmiýete eýe bolýar.
Hünärmenleriň taýýarlanylyşyna, olaryň hünär ussatlyklarynyň artdyrylmagyna, berilýän bilimiň hiline we netijeliligine aýratyn üns berilýär. Okuw işine döwrebap multimedia serişdeleri, internet we elektron kitaphana ulgamy giňden ornaşdyrylýar, sanly bilim ulgamynyň mümkinçilikleri doly ulanylýar. Bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijesinde bilimiň derejesi döwrüň talaplaryna doly kybap gelýär. (Türkmenistanyň Prezidentiniň ýaşlar syýasaty boýunça geçiren maslahatyndaky çykyşy. https://yashlar.gov.tm).
Şeýlelik bilen, talyplara halkara hukugynyň esaslaryny öwretmek prosesinde maglumat we pedagogik usullaryň ulanylmagy talyplaryň öwrenýän maglumatlarynyň has gowy özleşdirilmegine goşant goşýar, şeýle hem, okuw işinde iň ýokary bilimi gazanmak üçin ýaşlaryň ösüşine baglylykda okatmagyň häzirki zaman usullaryny birleşdirmäge ýardam berýär.
Ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan işleriň ählisi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän daşary syýasatynda medeni-ynsanperwer ugra uly orun berilýändigini we döwletimiziň halkara borçnamalaryny doly berjaý edýändigini tassyklaýar.
Dürli BALLYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
kafedrasynyň uly mugallymy.
Makala "Bilim" ylmy-usuly žurnalynyň II sanynda çap edilen.
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI