Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • HALKARA YLMY-AMALY MASLAHAT GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
        • ILÇI BILEN GEÇEN DUŞUŞYK
      • Halkara günler
        • 8-NJI MAÝ - HALKARA GYZYL HAÇ WE GYZYL ÝARYMAÝYŇ BÜTINDÜNÝÄ GÜNI
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Эксперты из страны тысячи озёр в Ашхабаде
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
        • «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜM JEMLENDI
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Sosial media
      • TikTok
      • Instagram
    • Media
    Esasy / Habarlar / «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly III halkara bäsleşigiň ýeňijileri sylaglanyldy
    «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly III halkara bäsleşigiň ýeňijileri sylaglanyldy

    13/05/2026

    169

    «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly III halkara bäsleşigiň ýeňijileri sylaglanyldy

    2026-njy ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly III halkara bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi hem-de utgaşykly görnüşde guralan «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň jemleri jemlenildi.
    Halkara bäsleşige hem-de foruma gatnaşyjylar institutyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan milli amaly-haşam sungatymyzyň gymmatlyklaryny, abadançylygyň, parahatçylygyň many-mazmunyny açyp görkezýän döredijilik eserlerini synladylar.
    Soňra halkara ylmy-amaly maslahatyň jemleri jemlenildi hem-de maslahatyň «Halkara hukugy we Türkmenistanyň Bitaraplygy», «Ykdysady diplomatiýa — durnukly ösüş maksatlary ugrundaky hyzmatdaşlygyň netijeli guraly», «Medeni diplomatiýa: ynsanperwer gatnaşyklaryň milli we umumadamzat ähmiýetli ýörelgeleri», «Halkara gatnaşyklary boýunça hünärmenleri taýýarlamagyň dünýä tejribesi: ylym-bilim we okuw-usuly işler» atly bölümçeleriniň başlyklarynyň hasabatlary diňlenildi. Bu iri forum Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak, deňhukukly hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatymyzyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.
    «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak we ýapylyş dabarasy özboluşly baýramçylyk ýagdaýyny döretdi. Ýeri gelende bellesek, bu bäsleşige dünýä döwletleriniň 9-synyň, şol sanda Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Beýik Britaniýanyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Gruziýanyň, Gazagystan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň we Gyrgyz Respublikasynyň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň 13-sinden, şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 24-sinden saýlanyp alnan iň zehinli talyplaryň jemi 160-a golaýy gatnaşyp, degişli test sowallaryna jogap bermek arkaly bu intellektual bäsleşikde öz bilimlerini synadylar. Emin agzalarynyň netijelerine görä, gatnaşyjylar 18 altyn, 27 kümüş we 45 bürünç medal gazandylar. Halkara bäsleşikde ýeňiji bolan talyplara hem-de magistrlere guramaçylar tarapyndan Diplomlar, medallar, gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.
    Soňra Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory Gülşat Ýusupowa gutlag sözi bilen çykyş edip, dost-doganlygy pugtalandyrmakda, ylym-bilim hyzmatdaşlygyny giňeltmekde bu halkara bäsleşigiň ýokary ähmiýetini belledi hem-de ýeňiji bolan ýaşlary tüýs ýürekden gutlady.
    «Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly halkara ylmy-amaly maslahata hem-de «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly III halkara bäsleşige gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul etdiler. Ýeňijiler şeýle mümkinçilikleri döredýän, halkara ýaşlar hyzmatdaşlygyny ilerletmäge uly üns berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler.
    Ýeňijileriň ýürek buýsançlary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň çeper höwesjeňleriniň ýerine ýetiren aýdym-sazlary bilen utgaşyp, dabara gatnaşanlara ruhubelentlik duýgusyny bagyşlady. Dürli dillerde ýaňlanan aýdym-sazlarda halklaryň arasyndaky dostluk, hoşniýetlilik, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri öz beýanyny tapdy.
    Ýurdumyzda bu halkara bäsleşigiň üçünji gezek geçirilmegi halkara gatnaşyklarynda strategiki meseleleri derňemek, talyplaryň diplomatik bilimlerini çuňlaşdyrmak, ylmy-barlaglarda ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmakda möhüm ähmiýete eýe bolup, munuň özi ählumumy parahatçylyk ýörelgelerini giňden wagyz etmäge, daşary ýurtly ugurdaş hünärmenler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga hem-de halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilendir.

    Oguljan KURBANOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 2-nji ýyl talyby

    Soňky täzelikler

    Fransiýanyň wekili bilen söhbetdeşlik geçirildi surady

    12/05/2026

    Fransiýanyň wekili bilen söhbetdeşlik geçirildi
    HALKARA BILERMENIŇ GEÇIREN OKUW SAPAGY surady

    12/05/2026

    HALKARA BILERMENIŇ GEÇIREN OKUW SAPAGY
    TÄSIRLI GEÇEN OKUW SAPAGY surady

    11/05/2026

    TÄSIRLI GEÇEN OKUW SAPAGY
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI