24/07/2023
689
HALKARA GATNAŞYKLARY BOÝUNÇA HÜNÄRMENLERI TAÝÝARLAMAKDA IŇLIS DILINIŇ TUTÝAN ORNY
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly ýöredýän içeri syýasatynda ylym-bilim ulgamyna döwlet we jemgyýetçilik ösüşiniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde garalýar. Ylym-bilim Türkmenistany innowasion esasda özgertmegiň ygtybarly guralydyr. Ylymda we tehnikada öň hatarda bolmak, täze tehnologiýalary ele almaga ukyply halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak häzirki döwürde durmuşa geçirilýän dil syýasatynyň möhüm wezipesidir. Onuň çözgütleri “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasynda” beýan edilendir.
Bu başlangyçlar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 2013-nji ýylyň 1-nji martynda geçirilen mejlisinde gol çeken “Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” Permany, “Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyny” tassyklaýan Karary, “Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny” tassyklaýan Karary hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasy” bilen kesgitlenýär. Bu resminamalara laýyklykda, Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim beriş işini özgertmegiň esasy aýratynlyklary, öňdebaryjy tehnologiýalaryň işlenip taýýarlanylyşy, şeýle hem innowasion çemeleşmeleriň zerurlygy, iňlis dilini okatmagyň usulyýetini ylmy taýdan esaslandyrmagyň möhümdigi ýüze çykýar.
Bu möhüm resminamada 2019 – 2025-nji ýyllar aralygynda tapgyrlaýyn ýerine ýetirilmeli işleriň sanawy berilýär. Şeýlelikde, ýokary okuw mekdepleriniň ählisinde, hünär taýýarlygy bilen utgaşyklylykda, daşary ýurt dillerini özleşdirmek talap edilýär. Hususanda, öwrenilýän hünär ugruna degişli sözler, söz düzümleri, adalgalar türkmen dilinde aýdylyşy, many-mazmuny bilen deňeşdirilip, degşirilip özleşdirilýär.
Diliň aragatnaşyk serişdesi hökmünde hyzmaty uludyr. Dil adamlaryň arasynda möhüm aragatnaşyk serişdesi bolup hyzmat edýär. Bu biziň beýleki adamlar bilen pikirlerimizi, garaýyşlarymyzy we duýgularymyzy paýlaşmagyň, düşünişmegiň ýoludyr. Dünýädemüňlerçedilbar. Her bir ýurduň milliligi, däp-dessurlary onuň dil aýratynlygynda aýdyň şöhlelenýär. Iňlis dili dünýäde giňden ýaýran dilleriň biri. Häzirki döwürde, bilşimiz ýaly, her bäş adamdan bir adam iňlis dilinde gürläp ýa-da iň bolmanda, düşünişip bilýär. Iňlis dili dünýäde bolup geçýän wakalara, dürli ösüşlere syn etmäge, ylmy çeşmeleri öwrenmäge mümkinçilik berýän dildir.
Bu makalada iňlis diliniň halkara gatnaşyklarynda we diplomatiýada tutýan orny seljerilýär. Gadymyýetden bäri ähli halklaryň dürli ugurlar boýunça gatnaşyklary ýola goýmak üçin bir umumy dilde gürlemekligi arzuw edip, esperanto dilini oýlap tapmaklary ýöne ýerden däl. Diplomatiýanyň dili fransuz dili hökmünde kabul edilen hem bolsa, gepleşikleriň, ulanylyşda giňden ýaýran görnüşi iňlis dilidir. Halkara guramalaryň ýygnaklarynda, işlerinde ulanylýan bu dil eýýäm global diliň aýratynlyklaryna eýe boldy. Iňlis dili köp döwletleriň resmi dili, şertnamalary, ähtnamalary baglanyşmakda oňyn netijelerini gazanmaga mümkinçilik berýän esasy hukuk derejesini saklamagyny dowam edýän dildir. Dünýäde dilleriň sany köpdür. Her bir ýurduň döwlet gurluşy, ýöredýän syýasaty, halkynyň däp-dessurlary dilinde aýdyň şöhlelenýär. Iňlis dili dünýäde giňden ýaýran, ýörgünli dilleriň biridir. Ol dünýäde bolup geçýän wakalara syn etmäge, ösüşlere düşünmäge, ylmy çeşmeleri öwrenmäge giň mümkinçilik berýär. Türkmenistan boýunça daşary ýurtlar bilen baglaşýan şertnamalar, ylalaşyklar, kabul edilýän jarnamalar, konwensiýalar iňlis dilinde taýýarlanylýar.
Iňlis dilini öwrenmek we giňden ulanmak Ýewropada, şeýle hem dünýäniň beýleki yklymlarynda ýaýran hadysadyr. Beýik Britaniýanyň, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň senagatynyň, ykdysadyýetiniň, medeniýetiniň ösmegi bilen, iňlis diliniň ulanylyşy has-da giňedi. XX asyra çenli fransuz dili esasy dil hasaplanypdyr. Şonuň üçin şol döwürde mekdeplerde fransuz dili öwredilipdir, ýöne iňlis dili şol döwürde ulanylmady diýip bilmeris.
XX asyryň başyndan iňlis dili halkara dil hökmünde giňişleýin ulanylmaga başlanýar. Ikinji jahan urşy tamamlanandan soň, Birleşen Milletler Guramasy döredilip, oňa agza ýurtlar özara gatnaşyklaryny bu guramanyň resmi dilinde (iňlis dilinde) alyp barýarlar. Iňlis dili ýönekeý aragatnaşyk serişdesiniň hyzmatyny ýerine ýetirýän gural bolmak bilen çäklenmän, eýsem, diplomatlaryň hünär dilidir. Bu ýagdaý iňlis dilini halkara aragatnaşyk serişdesiniň derejesine göterýär. Diplomatiýa dürli ýurtlaryň we guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy dawasyz, birek-birege bähbitli, hormat goýmak çygrynda işjeňleşdirmegiň guraly hökmünde halkara derejesine eýedir.
Dil diňe bir gural däl, köplenç, diplomatik hünäriň diregidir. Diplomatiýa bolsa dürli döwletleriň ýa-da guramalaryň arasyndaky gatnaşyklaryň özenidir. Onuň manysy barada käbir kesgitlemeler bar. Diplomatiýa garaşsyz döwletleriň hökümetleriniň arasynda resmi gatnaşyklary ösdürmekde esasy taktikany ulanmak hökmünde seredip bileris.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň: “Häzirki şertlerde anyk kesgitlenen syýasy ölçeglere, sagdyn, oňyn pragmatizme, umumy ykrar edilen hem-de hemmelere düşnükli bolan adamzat gymmatlyklaryna esaslanýan halkara gatnaşyklaryň täze filosofiýasynyň kemala getirilmegine mätäçlik çekýändigimize ynanýaryn. Men şeýle filosofiýany “Dialog – parahatçylygyň kepili” diýip atlandyrardym. Geliň, onuň amala aşyrylmagynyň üstünde bilelikde pikirleneliň!” diýen sözleri ýurduň daşary syýasatyny amala aşyrmakda, milli bähbitleri goramakda hem-de parahat durmuşy üpjün etmekde gepleşikleriň aýratyn hyzmatyny nygtaýar. Şu jähetden, diplomatlaryň wezipe borçlary juda jogapkärlidir. Olar köp tarapdan giň dünýägaraýyşly bolmak bilen çäklenmän, eýsem, söz ussady, daşary ýurt dillerini suwara bilýän, özge halklaryň medeniýetinden, taryhyndan, edebiýatyndan, edim-gylymlaryndan akylly başly baş çykarýan hünärmen bolmalydyr.
Halkara derejeli hünärmenleri taýýarlaýan mugallymlar diliň inçe syrlaryny, sözüň ýasalyş ýollaryny we ulanylyş aýratynlyklaryny talyplara açyp görkezmelidir. Munuň üçin iňlis dili mugallymlaryndan okadýan dersiniň nazary we amaly taraplaryna degişli bolan we okatmakda ýokary netijeleri berýän döwrebap usullar talap edilýär. Şeýle usullar adaty we innowasion görnüşlerde bolup biler. Mugallym öwredilýän ders boýunça okuw sapagyny dolandyrmakda merkezi orunda durýar. Ol talyplaryň sapakda özlerini alyp baryşlaryndan başlap, öwredilen okuw maglumatlaryny özleşdirişlerini, täze temanyň öwrediliş derejesini seljermegi we ondan netije çykarmagy başarmalydyr. Şonuň ýaly-da, halkara gatnaşyklary ugrunda taýýarlanylýan hünärmenler bilen işlenilende, talyplaryň özüni alyp baryş aýratynlyklaryna degişli düzgünler öwredilmelidir. Mysal üçin, häzirki döwürde “halkara sypaýyçylygy” (latyn dilinde “comitas genius”) adalgasy giňden ulanylýar. Halkara sypaýyçylygy (etiket) gepleşiklere gatnaşyjylardan hoşniýetli, sabyrly, dykgatly bolmagy, özara hormat goýmak düzgünlerini berjaý etmegi talap edýär. Başgaça aýdylanda, adalatly, deňhukukly hyzmatdaşlygy guraýan döwletleriň adyndan çykyş edýän diplomatlar taraplaryň bähbidini nazarda tutmaly, milli jogapkärçilik ýörelgelerine eýermeli we milli özygtyýarlylygyna hormat goýmaly.
Sypaýyçylyk hukuk taýdan berkidilmedik hem bolsa, birek-birege hormat – sarpa halkara gatnaşyklarynda elmydama ýerine ýetirilmeli kadalaryň biridir. Halkara gatnaşyklarynda söze, onuň aýdylyş äheňine, hökman ýerine ýetirilmeli kadalaryna juda uly üns berilýär. “Diplomatik diliň aýratynlygy” diýlende, ýurtlaryň ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn gatnaşyklarynda has köp ulanylýan, ýagny sypaýyçylykly durnukly söz düzümlerine öwrülen frazeologizmler göz öňüne gelýär. Mysal üçin, hat alyş-çalşykda (werbal nota) taraplar üçünji (olluk) ýöňkemede ýazmak bilen, birek-birege bolan hormaty beýan edýärler.
Daşary ýurt dilini talybyň hünär ugry bilen baglanyşdyryp okatmak ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerinde ýola goýuldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2016 – 2017-nji okuw ýylyndan hünär ugurlary bilen utgaşyklylykda iňlis we rus dilleri täze okuw maksatnamalary esasynda öwredilip başlandy, 2021 – 2022- nji okuw ýylyndan taýýarlygyň bakalawr hem-de magistr maksatnamalary girizildi.
Islendik dil öwrenilende, grammatikany bilmezden ýa-da grammatik kadalara eýermezden, sözleýşi amala aşyrmak başarnygyna eýe bolmak mümkin däl. Dil öwrenilýän sapaklar dürli usullary talap edýär. Mugallym wagty tygşytly ulanmagy, netijeli öwrediş ýollaryny gazanmagy, şol bir wagtyň özünde, höweslendiriji usullardan peýdalanmagy, öwredýän maglumatlarynyň mukdaryny, hilini bozmazdan, ýokary hilli okatmagy başarmalydyr.
XXI asyrda – tehnikanyň we tehnologiýanyň ösen döwründe okadylyşa innowasion usulyýeti ornaşdyrmak döwrüň talabydyr. Ýaşlaryň durmuşy ylmyň we tehnologiýanyň soňky gazananlaryndan üzňe däl. Şu ýagdaý ýaşlarda bilime höwes döredýär, dürli edebiýatlardan peýdalanmak isleglerini artdyrýar.
Hemme dile mahsus bolşy ýaly, iňlis dili hem nakyllara, idiomalara, durnukly söz düzümlerine baýdyr. Olaryň many çuňlugyny, çeperçilik öwüşginini saklap tekstleri terjime etmek örän çylşyrymly, emma gyzykly işdir. Terjime etmek üçin, ilkinji nobatda, tekstiň mazmunyna doly düşünmek gerek. Diplomat, zerurlyk ýüze çykanda, terjime işlerinden baş çykarmaly. Her bir aýdylan, ýazylan sözden dürs many çykarmagy başarmaly. Terjimeler halkara gatnaşyklary üçin möhümdir. Terjime diplomatlaryň arasyndaky aragatnaşygy ýeňilleşdirýär, medeniýetara düşünişmegi ösdürýär we kärhanalara daşary bazarlarda üstünlikli işlemäge mümkinçilik berýär.
Terjimeçiniň esasy wezipesi habaryň hiç hili ýoýulmazdan, okyjynyň göz öňünde tutuşy ýaly, terjimäniň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek. Terjimeçi resminama alanda, habarda aýdylanlary takyk suratlandyrmak üçin birnäçe ädim ädýär.
Diplomatiýa ulanylanda, terjime etmegiň maksady halkara gatnaşyklary wagtynda medeniýetara aragatnaşygy göz öňünde tutmalydyr. Bu adamlara kabul ediji tarap düşüner ýaly, üýtgemedik görnüşde habar ibermäge mümkinçilik berýär.
Diplomatik gatnaşyklarda hünär terjimesi hemişe hökmanydyr. Diplomatik terjimeçiler daşary gatnaşyklardaky diplomatlar bilen ýakyndan işleşýärler we bu terjimeçiler iň ýokary düşünjäni hem-de hünär ussatlygyny ulanmalydyrlar. Terjimäniň ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetirilmegi bir ýurduň syýasy, ykdysady howpsuzlygy we bähbitleri bilen baglanyşykly meselelere düşünmäge kömek edýär, dünýäde bolup geçýän wakalardan elmydama habarly bolmak, taryhy wakalaryň yzygiderliligini anyk bilmek zerurlygyny aradan aýyrýar.
Iňlis dili bizi uly dünýä bilen ýakyndan tanyşdyrýar. Söze ussatlyk diplomatyň hünär häsiýetleriniň medeni derejesiniň aýrylmaz bölegidir. Seresaplylyk, hoşmeýillilik, mähirli sözleýiş, bildirilen ynamy ödemek, özüni edepli alyp baryş diplomatyň hünär derejesini kesgitleýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkara derejeli hünärmenleri taýýarlamak meselesine bildirýän talaplaryndan ugur alyp, ýaşlaryň daşary ýurt dilinde erkin gürläp, pikirini dürs beýan edip, ýazmaça hem dilden terjimeçilik ukyplaryna eýe bolmaklaryny gazanmak babatynda alyp barýan ylmy esasly işlerimizi barha kämilleşdirýäris.
Çemen Baýryýewa, Gülşat Ýusupowa
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty
Soňky täzelikler
23/11/2024
Ýaşlygyň uly serpaýy20/11/2024
BÜTINDÜNÝÄ ÇAGALAR GÜNI