Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / Halkara bäsleşige gatnaşyjylar türkmen myhmansöýerligi esasynda garşylandy
    Halkara bäsleşige gatnaşyjylar türkmen myhmansöýerligi esasynda garşylandy
    Halkara bäsleşige gatnaşyjylar türkmen myhmansöýerligi esasynda garşylandy
    Halkara bäsleşige gatnaşyjylar türkmen myhmansöýerligi esasynda garşylandy
    Halkara bäsleşige gatnaşyjylar türkmen myhmansöýerligi esasynda garşylandy
    Halkara bäsleşige gatnaşyjylar türkmen myhmansöýerligi esasynda garşylandy
    Halkara bäsleşige gatnaşyjylar türkmen myhmansöýerligi esasynda garşylandy
    Halkara bäsleşige gatnaşyjylar türkmen myhmansöýerligi esasynda garşylandy
    Halkara bäsleşige gatnaşyjylar türkmen myhmansöýerligi esasynda garşylandy
    22/05/2024

    1591

    Halkara bäsleşige gatnaşyjylar türkmen myhmansöýerligi esasynda garşylandy

    Paýtagtymyzyň Halkara howa menzili toý şatlygyny başdan geçirýär. Meýdança yzly-yzyna gonýan daşary ýurt uçarlary ýurdumyza ýene-de abraýly myhmanlaryň, türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde geçiriljek «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşige gatnaşyjylaryň ençemesini getirdi. Halkara gatnaşyklaryň merkezi hökmünde ykrar edilen gözel paýtagtymyz myhmanlara gujagyny giňden açdy.
    Mälim bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň 22 — 25-nji maýy aralygynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilelikde guramagynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly halkara bäsleşik geçirilýär. Bu halkara bäsleşige daşary ýurtlaryň 9-ysynyň 11 sany abraýly ýokary okuw mekdebinden 40-dan gowrak magistrler we talyplar, şeýle hem ýurdumyzyň 22 sany ýokary okuw mekdebinden talyp ýaşlar gatnaşýarlar. Gatnaşyjylar dabaraly ýagdaýda, ýokary taýýarlykly, halkymyzyň milli myhmansöýüjilik, dost-doganlyk, açyk göwünlilik, hoşniýetlilik däplerine laýyklykda garşy alyndy. Myhmanlary Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlarydyr talyp ýaşlary, meýletinçi ýaşlar güler ýüz bilen garşyladylar.
    Ýörite maksatnama laýyklykda, 2024-nji ýylyň 22-nji maýynda myhmanlar halkara bäsleşigiň geçirilýän ýeri bolan türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebi bilen ýakyndan tanyşdylar. Bu abraýly bilim ojagyndaky «Türkmen diplomatiýasynyň taryhy» muzeýi, «Ak öý», «Ýaş žurnalistler» ylmy-döredijilik gurnagynyň çägindäki okuw studiýasy, «Ýaş diplomatyň sesi» atly elektron gazetiniň redaksiýasy bilen tanyşlyk myhmanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Olar institutyň okuw studiýasy tarapyndan ýörite guralan «tegelek stol» gepleşiginde öz ýürek buýsançlaryny, pikir-garaýyşlaryny beýan etdiler.
    2024-nji ýylyň 23-nji maýynda bolsa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda dabaraly ýagdaýda halkara bäsleşigiň açylyşy bolar hem-de bäsleşigiň ilkinji tapgyrlaryna badalga berler. Halkara bäsleşikleriň, olimpiadalaryň yzygiderli ýagdaýda Türkmenistanda geçirilmegi buýsandyryjy ýagdaýdyr. Munuň özi daşary ýurtlaryň abraýly ýokary okuw mekdepleridir iri ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň has-da berkeýändigini alamatlandyrýar.

    Uzukjemal ARTYKOWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI