30/11/-0001
648
«Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gurnalan gezelenç
2022-nji ýylyň 30-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty tarapyndan «6-njy oktýabr – Hatyra güni» mynasybetli «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumyna gezelenç gurnaldy. Oňa institutymyzyň halypa mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.
Täsirli geçen gezelenjiň dowamynda mugallymlar talyp ýaşlara taryhda Watan goragynda wepat bolan gahrymanlarymyz, şeýle hem 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabryndaky Aşgabat ýer titremesinde şehit bolan watandaşlarymyz barada taryhy maglumatlary gürrüň berdiler. Watanymyzyň asudalygy, halkymyzyň agzybirligi ugrunda janyny gurban edip, bizi şeýle eşretli durmuşa ýetiren beýik şahsyýetlerimiziň ýadygärliklerini synlamak, olaryň geçen şöhratly we gahrymançylykly ýollary baradaky gyzykly maglumatlary diňlemek talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Ýaşlarda ata Watanymyza hem-de baky gahrymanlarymyza bolan buýsanjy, watansöýüjilik, ruhubelentlik ýaly asylly häsiýetleriň kemala gelmeginde bu gezelenç örän möhüm ähmiýete eýe boldy.
Gezelenjiň dowamynda talyplar Watan gahrymanlarymyzy sarpalamaga we olaryň şöhratly edermenliklerini çuňňur öwrenmäge döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.
Şamyrat AŞYRMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.