674
Gyzykly geçen şygryýet bäsleşigi
2023-nji ýylyň 9-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş diplomatlaryň mekdebiniň hem-de Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň bilelikde gurnamaklarynda “Döwletli döwranly döwrüň Arkadag Serdarly ýaşlary” atly goşgy bäsleşigi geçirildi. Oňa Halkara žurnalistikasy fakultetiniň bagtyýar talyplary, şeýle hem “Ýaş žurnalistler” ylmy-döredijilik gurnagynyň işjeň agzalary uly ruhybelentlik bilen gatnaşdylar.
Bu bäsleşikde talyplar Gahryman Arkadagymyzyň kitaplaryndan jümleleri labyzly okap berdiler. Bäsleşigiň dowamynda döredijilik bilen içgin gyzyklanýan talyplar ajaýyp döwrümizi wasp edip ýazan goşgulary bilen çykyş etdiler. Emin agzalaryň gelen netijelerine görä, oňa gatnaşan ähli talyplar ýeňiji diýlip yglan edildi. Şular ýaly bäsleşikleriň yzygiderli geçirilmegi talyp ýaşlaryň çeper okaýyş endiklerini has-da ösdürmäge ýardam edýär.
Aýşirin DÖWLETOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň I ýyl talyby.