18/07/2025
112
Gender meseleleriniň şöhlelendirilişine bagyşlanan okuw sapagy
2025-nji ýylyň 16-17-nji iýulynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Aşgabatdaky merkezinde gender meseleleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şöhlelendirilişi boýunça iki günlük çuňlaşdyrylan okuw geçirildi. ÝHHG-niň Aşgabatdaky merkezi tarapyndan guralan okuw sapagyna ýurdumyzyň dürli dolandyryş we jemgyýetçilik düzümleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň wekilleri, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy gatnaşdy.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan ÝHHG bilen ynsanperwer ugurda, hususan-da, ylym we bilim ulgamyny ösdürmek boýunça özara bähbitli hyzmatdaşlygy netijeli ösdürýär. Hyzmatdaşlygyň çäklerinde dürli ugurlarda, hususan-da, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen okuw maslahatlary, duşuşyklar, bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Şu gezekki çuňlaşdyrylan okuwyň maksady hem žurnalistleriň gender meseleleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şöhlelendirilişi boýunça bilimlerini kämilleşdirmekden, hünärmenleriň döredijilik başarnyklaryny ýokarlandyrmakdan ybarat boldy.
Bilermenler degişli tema esaslanyp, gender meseleleriniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde şöhlelendirilişi, žurnalistik materiallary taýýarlamak, onlaýn platformalary netijeli peýdalanmak boýunça boýunça gymmatly maslahatlary berdiler. Okuw sapagy sowal-jogap esasynda täsirli geçdi.
Ogulgerek ABDYKADYROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti
kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.