Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
        • HALYPA MUGALLYMYŇ GATNAŞMAGYNDA YLMY-DÖREDIJILIK MASLAHATY GEÇIRILDI
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • BILIM ULGAMYNDA TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNA BAGYŞLANAN DUŞUŞYK
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • BÜTINDÜNÝÄ «BRAÝL» HARPLYGYNYŇ GÜNI
        • Halkara epidemiýa garşy taýýarlyk güni: ählumumy howpsuzlygyň kepili
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Взгляд на 2026 год лидеров США, России и Китая
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Media
    Esasy / Habarlar / GENDER MESELELERI BOÝUNÇA HALKARA BRIFING GEÇIRILDI
    GENDER MESELELERI BOÝUNÇA HALKARA BRIFING GEÇIRILDI
    GENDER MESELELERI BOÝUNÇA HALKARA BRIFING GEÇIRILDI
    GENDER MESELELERI BOÝUNÇA HALKARA BRIFING GEÇIRILDI
    29/11/2024

    1538

    GENDER MESELELERI BOÝUNÇA HALKARA BRIFING GEÇIRILDI

    Dünýä ösüşiniň häzirki zaman şertleri we globallaşmagyň gapma-garşylyklary aýallaryň ýagdaýyna hem täsirini ýetirýär. Aýallaryň hukuklarynyň üpjün edilmegi demokratiýanyň pugtalandyrylmagyna, ýaşaýyş-durmuş şertleriniň derejesiniň gowulandyrylmagyna, durnuklylyga we geçirimlilige ýardam edýär. Aýallaryň mynasyp orny bolan, olaryň durmuş saýlawy, jemgyýetçilik we döwlet işine gatnaşmaga deň ygtyýarlyklary we deň mümkinçiligi bolan has durnukly we durmuşa ukyply ýurtlar täze ýüzýyllygyň meseleleriniň çözgüdine taýýardyrlar.
    Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllaryndan Türkmenistan aýallaryň ýagdaýyny gowulandyrmak we gender deňliginiň gazanylmagy boýunça çäreleri sazlaşykly durmuşa geçirýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, biziň ýurdumyzda erkekler we aýallar deň hukuklara we azatlyklara, olaryň durmuşa geçirilmegi üçin deň mümkinçiliklere eýedirler. Milli kanunçylygymyz erkekleriň we aýallaryň häkimiýet edaralaryna deňagramly gatnaşygynyň gazanylmagy üçin hukuk gurallaryny we kepilliklerini, aýallaryň ykdysady garaşsyzlygy üçin deň mümkinçilikleriň üpjün edilmegini we olaryň işiniň kämilleşdirilmegini we wezipe ösüşini, maşgaladaky hukuklaryň we jogapkärçilikleriň deň durmuşa geçirilmegi üçin şertleriň döredilmegini göz öňünde tutýar. Türkmenistan döwletimiz bu ugurda birnäçe halkara guramalary, şol sanda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen ysnyşykly hyzmatdaşlygy amala aşyrýar. Bu hyzmatdaşlygyň çäklerinde 2024-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Beýik Britaniýanyň Milli Polisiýa ýolbaşçylarynyň Geňeşi tarapyndan Gender meseleleri boýunça britan polisiýa gulluklarynyň alyp barýan işi bilen tanyşdyrmak maksady bilen, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky Merkezinde wideo-aragatnaşyk arkaly halkara brifing geçirildi. Bu maslahata Türkmenistanyň Içeri işler, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrlikleriniň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Zenanlar Birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň maksady britan polisiýasynyň işi hem-de daşary ýurtlarda aýal-gyzlara garşy zorluk, gender deňsizliginiň öňüni almak we oňa garşy göreşmegiň usullaryny tanyşdyrmak we tejribe alyşmakdyr. Bu maslahatda çykyş eden daşary ýurtly hünärmenler özleriniň bu ugurda alyp barýan işleri barada hem giňişleýin gürrüň berdiler.

    Merjen GURBANNAZAROWA,
    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
    Halkara gatnaşyklary institutynyň
    Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň uly mugallymy.

    Soňky täzelikler

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI surady

    16/01/2026

    WAGYZ-NESIHAT DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY surady

    14/01/2026

    «PARAHATÇYLYGYŇ ÝAŞ ÇAPARLARY»: V MÖWSÜMIŇ III SAÝLAMA OÝNY
    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri surady

    08/01/2026

    Magtymguly Pyragynyň rumyn dilindäki neşiri
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2026 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI