30/11/-0001
586
Geljekki ýaş meýletinçileriň okuw sapagy dowam edýär
2022-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021–2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny” üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, sanly ulgam arkaly yzygiderli alnyp barylýan okuw maslahatynyň nobatdaky sany geçirildi. Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň hem-de Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň bilelikde guran bu okuw sapagyna milli diplomatiýanyň ýokary okuw mekdebiniň talyplary hem gatnaşdylar.
Bu okuwy Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň wekili alyp bardy. Ol ýaşlary ýurdumyzda alnyp barylýan milli maksatnamalary durmuşa geçirmäge ýaşlary çekmekligiň ähmiýeti barada täsirli çykyş etdi. Onuň nygtap aýtmagyna görä, meýletinçileri sagdyn hem ynsanperwer ruhda terbiýelemegi we köpugurly işlere çekmegi guramanyň esasy wezipesi bolup durýar. Bu ugurda alnyp barylýan wagyz-nesihat çäreleri oňyn netijeleri berýär.
Okuw sapagynyň barşy talyp ýaşlaryň gyzykly sowal-jogap alyşmalary bilen utgaşdy.
Dünýägözel ÇARYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara
žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.