30/11/-0001
559
«Garaşsyzlyk – halkyň Arşa ganat açmasy» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi
2022-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli «Garaşsyzlyk — halkyň Arşa ganat açmasy» atly aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ilkinji Zenanlar guramasy hem-de institutyň ilkinji Ýaşlar guramasy tarapyndan guraldy. Baýramçylyk dabarasynda institutyň zehinli estrada aýdymçylary, aýdym-saz toparlary çykyş etdiler.
Aýdym-saza beslenen dabarada ýurdumyzyň ösüşlerini, Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyran beýik işlerini, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýetilýän sepgitleri wasp edýän aýdymlar aýdyldy. Ýerine ýetirilen döwrebap röwüşdäki aýdym-sazlar dabara gatnaşyjylaryň kalbyny şatlyk duýgularyna besledi.
Dabaranyň ahyrynda hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy.
Biz hem pursatdan peýdalanyp, türkmen halkyny, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy mukaddes Garaşsyzlygyň 31 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
Meňli HOJAMUHAMMEDOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.