30/11/-0001
596
Garaşsyzlyga bagyşlanan göçme sergi geçirildi
2022-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň baş binasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň guramagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 31 ýyllygyna bagyşlanan göçme sergi geçirildi. Sergä institutyň professor-mugallymlary, talyp ýaşlary gatnaşdylar.
Serginiň esasyny gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan gelin-gyzlarymyzyň on barmagynyň hünäri bolan türkmen milli egin-eşikleri, gyz-gelinlerimiziň dokan nepis el halylarynyň giň toplumy düzdi. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda döwletimiz tarapyndan milliligimizi aýawly saklamakda, ony dünýä ýaýmakda uly işler alnyp barylýar.
Sergide türkmen milli gymmatlyklarynyň açylyp görkezilmegi, ýaş nesilleri milli ruhda terbiýelemekde, olaryň kalbynda ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň bize miras goýan kämil hünärlerine bolan sarpany artdyrmakda uly ähmiýete eýedir.
Eziz EMINOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň II ýyl talyby.