30/11/-0001
646
«Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bagtyýar çagalygyň ýurdy» atly onlaýn maslahat
2022-nji ýylyň 31-nji maýynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň gurnamagynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepeleri bilen bilelikde sanly ulgamyň giň mümkinçilikleri arkaly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bagtyýar çagalygyň ýurdy» atly onlaýn maslahaty geçirildi.
Maslahata Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň wekiliniň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň wekiliniň, Türkmen döwlet we bedenterbiýe we sport institutynyň wekilleri ýurdumyzda çaganyň hukuklary, olara bilim bermegiň kämilleşdirilişi, çagalaryň sport bilen meşgullanmagynyň döwrebap ýollary, daşary ýurt dillerini öwreniş endiklerini ösdürmek barada çykyşlar edildi.
Maslahaty geçirmegiň esasy maksady giň gözýetimli, maksada okgunly, sagdyn, innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmek işlerinde pikir alyşmak, bedenterbiýäniň we sportuň ylmy esaslaryny we çagalar sportuny ösdürmegi, sagdyn durmuş kadalaryny wagyz etmek bolup durýar.
Merjen GURBANNAZAROWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş
kafedrasynyň uly mugallymy.