11/02/2026
56
Futbol baýramçylygynda meýletinçi media toparynyň agzalary işjeňlik görkezdiler
2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda ýurdumyzyň çempiony, halkara giňişlikde
hem barha adygýan «Arkadag» futbol topary AFK-nyň II Çempionlar ligasynyň
1/8 final tapgyrynda Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» toparyny kabul etdi. Şanly
ýylymyzyň möhüm taryhy wakalarynyň hataryndan orun alan bu möhüm duşuşyk
paýtagtymyzdaky Olimpiýa stadionynda guraldy.
Halkara derejesindäki sport çärelerini beýan etmek uly jogapkärçilik talap
edýär. Şoňa görä-de, Gahryman Arkadagymyz halkara futbol duşuşygynyň ýokary
derejede dabaralandyrylmagy, onuň mahabat işleriniň talabalaýyk ýola goýulmagy,
dünýä ýurtlarynyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň netijeli işlemekleri
ugrunda ähli zerur tagallalaryň edilmelidigi babatda möhüm tabşyryklary berdi.
Şundan ugur alnyp, futbol baýramçylygynda ýurdumyzyň ýokary okuw
mekdepleriniň žurnalistika hünärlerinde bilim alýan talyp ýaşlardan düzülen
meýletinçi media toparynyň hem işjeňlik görkezendigini buýsançly bellemek
gerek. Olar oýnuň dowamynda söhbetdeşlikleri, reportažlary, habarlary we
makalalary taýýarlap, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň üsti bilen duşuşygyň
taryhy ähmiýetini giňden şöhlelendirdiler.
Bu başlangyç ýaş žurnalistleriň diňe bir nazary bilim alman, eýsem, amaly
hünär başarnyklaryny halkara standartlaryna laýyklykda ösdürmäge mümkinçilik
berýär. Talyp ýaşlardan düzülen media toparyň agzalary şeýle iri halkara sport
wakasyny beýan etmekleriniň öz hünär ýollarynda iň ýatda galyjy pursatdygyny
belleýärler. Şeýlelikde, zehinli ýaşlar žurnalistikanyň döwrebap usullaryny
ulanmak bilen, geljekde hem Türkmenistan döwletimiziň sport žurnalistikasyny
täze belentliklere çykarmaga taýýardyklaryny nobatdaky gezek görkezdiler.
Ýurdumyzyň «Arkadag» we Saud Arabystanynyň «Al-Nassr»
futbol toparlarynyň arasyndaky bu duşuşyk futbolyň diňe bir oýun däl-de, eýsem,
uly bir medeni wakadygyny hem görkezdi. Duşuşygyň dowamynda toparlaryň
oýunçylarynyň görkezen ussatlygy futbolyň hakyky gözelligini ýüze çykardy.
Meýdançadaky çekeleşikli hereketler oýnuň soňky minutlaryna çenli dowam etdi.
«Arkadag» — «Al-Nassr» duşuşygy 0:1 hasabynda tamamlandy.
Ogulbike YMAMBERDIÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi.