12/10/2024
945
Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebinde
2024-nji ýylyň 10-14-nji oktýabry aralygynda Ermenistan Respublikasynyň
Prezidenti Waagn Haçaturýan Türkmenistana türkmeniň nusgawy şahyry we
akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli
geçirilýän «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy —
parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara foruma gatnaşmak üçin iş sapar
bilen geldi.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan bilen Ermenistan Respublikasynyň arasynda
diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 9-njy oktýabrynda ýola goýuldy. Şu
döwürden häzirki wagta çenli iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli
ugurlary boýunça hukuk binýady ýola goýuldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň
çäklerinde söwda-ykdysady, ulag-kommunikasiýa, oba hojalygy, syýahatçylyk,
medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu
babatda ylym, bilim, bedenterbiýe, sport ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga uly orun
degişlidir. Şeýle-de, bilelikdäki hökümetara toparyň işi döwletara gatnaşyklary
işjeňleşdirmekde ähmiýet uludyr. Onuň işi gazanylan ylalaşyklaryň iş ýüzünde
durmuşa geçirilmegine, netijeli hyzmatdaşlygyň diwersifikasiýalaşdyrylmagyna
we ösdürilmegine gönükdirilendir.
2024-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Ermenistan Respublikasynyň Prezidentiniň
ýurdumyza iş saparynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň ermeni diline terjime
edilen goşgular ýygyndysynyň tanyşdyryş dabarasy hem-de talyp ýaşlaryň we
professor-mugallymlaryň öňünde çykyşy boldy.
Dabaranyň başynda ilki bilen Belent mertebeli myhman we onuň
ýolbaşçylygyndaky wekilýet mähirli garşy alyndy. Institutyň baş binasynda
aýdym-sazlar bilen garşylanan hormatly myhman amaly-haşam sungatyna degişli
sergini synlady. Soňra Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan
talyplaryň öňünde Ermenistanyň taryhy, daşary syýasatynyň aýratynlyklary,
türkmen-ermeni gatnaşyklary barada çuňňur manyly çykyş etdi. Belent mertebeli
Prezident çykyşynyň dowamynda Magtymguly Pyragynyň ermeni dilindäki
goşgular ýygyndysynyň terjime edilen kitabyny tanyşdyrmagy has-da täsirli boldy.
Sözüniň ahyrynda belent mertebeli myhman Hormatly Prezidentimize
Türkmenistanyň hem-de Ermenistan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly
gatnaşyklary ösdürmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly
Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, aýawly saklamakda, wagyz etmekde
we geljekki nesillere ýetirmekde bitiren hyzmatlary hem-de medeniýetleri
ýakynlaşdyrmaga, baýlaşdyrmaga, türkmen we ermeni halklarynyň arasynda dost-
doganlygy, özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge goşan şahsy goşandy üçin,
şeýle hem türkmen akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300
ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna»
atly ýubileý medaly bilen sylaglanandygy üçin sagbolsun aýtdy.
Şeýle-de, duşuşykda Ermenistan Respublikasynyň Daşary işler ministriniň
orunbasary Mnasakan Safarýanyň, Türkmenistanyň Bilim ministri Jumamyrat
Gurbandeldiýewiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara
gatnaşyklary institytynyň rektory Gülşat Ýusupowanyň çykyşlary diňlenildi.
Çykyşlarda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän
2024-nji ýylda akyldar şahyryň goşgularynyň ermeni diline terjime edilmeginiň
ähmiýeti dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi. Munuň özi beýik türkmen
akyldaryna ermeni halky tarapyndan goýulýan uly sarpanyň nyşanydyr diýip,
çykyş edenler bellediler.
Ýokary derejede guralan bu saparynyň çäklerinde hormatly myhmanyň wagt
tapyp türkmen diplomatiýasynyň milli mekdebine gelmegi bu ýerde taýýarlanylýan
geljekki halkaraçy hünärmenler üçin ýatdan çykmajak, örän täsirli duşuşyk boldy.
Suraý ÖWLIÝAGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasynyň mugallymy.