28/11/2024
297
«Emeli aňy» ornaşdyrmakda halkara kanunlarynyň ähmiýeti barada okuw sapagy geçirildi
2024-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Ýaş alymlar geňeşiniň guramagynda institutyň talyplarynyň arasynda «Emeli aňy» ornaşdyrmakda halkara kanunlaryň ähmiýeti barada okuw sapagy geçirildi. Okuw sapagyna Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary gatnaşdylar.
Sapagyň dowamynda emeli aň tehnologiýalarynyň häzirki zaman dünýäsindäki orny, onuň hukuk taýdan düzgünleşdirilmegi we halkara hukuk kadalarynyň ähmiýeti jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Çykyş edenler emeli aňyň jemgyýete giňden ornaşdyrylmagynyň ykdysadyýetden başlap, ylmy-barlag we tehnologiýa ulgamlaryna çenli köp ugurlara täsir edýändigini bellediler. Şeýle-de emeli aňy düzgünleşdirmekde halkara hyzmatdaşlygynyň zerurdygy nygtaldy.
Okuw sapagynda halkara tejribelerden mysallar getirildi we emeli aň bilen baglylykda ýüze çykýan hukuk meseleleri boýunça anyk garaýyşlar beýan edildi. Çykyşlar gatnaşyjylaryň arasynda gyzyklanma döredip, olar tarapyndan giňişleýin soraglar berildi we olara jogaplar alyndy.
Okuw sapagynyň ahyrynda emeli aň tehnologiýalarynyň hukuk esaslarynyň ösüşini gazanmakda halkara gatnaşyklarynyň we gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň möhümdigi barada umumy netijä gelindi. Şeýle çäreleriň Türkmenistanyň ýaş hünärmenleriniň hukuk we tehnologiýa ugrundaky bilimlerini giňeltmekde möhüm ädim bolup durýandygy bellenildi.
Bu çäre Türkmenistanyň emeli aňy ösdürmek we onuň halkara hukuk kadalaryna laýyk ornaşdyrylmagy babatdaky ygrarlylygyny görkezýän nobatdaky möhüm başlangyçlardan biri boldy.
Begmuhammet ORAZOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby.