19/10/2024
438
EL HÜNÄRI – IL GEZER
2024-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda institutyň ilkinji Zenanlar guramasynyň we Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň ilkinji Zenanlar guramasynyň, hem-de "Ýaşlyk" teleýaýlymynyň bilelikde guramagynda üme duşuşygy geçirildi. Oňa ady agzalan ýokary okuw mekdepleriniň talyp ýaşlary, mugallymlary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Halkymyzyň gadymy ýörelgelerine eýerip geçirilen ümede mugallymlar we talyp ýaşlar türkmeniň medeni gymmatlyklary bolan el işleri bilen meşgullanyp, gadymy ene-mamalarymyzdan miras galan keşdeçilik sungatynyň taryhy hakynda aýdyp berdiler. Şeýle hem gatnaşyjylar bu ugurda ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty we BMG-niň ýöriteleşdirilen edarasy bolan ÝUNESKO bilen alyp barýan giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy barada gürrüň etdiler.
Sülgün ÝAÝLYMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň I ýyl talyby.