21/05/2026
53
«EL HÜNÄRI – IL GEZER» ATLY BAÝRAMÇYLYK DABARASY
2026-njy ýylyň 21-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň ilkinji Zenanlar guramasy, «Ýaşlyk» teleradioýaýlymy bilen bilelikde guramagynda Türkmen halysynyň baýramy we Gurban baýramy mynasybetli «El hünäri – il gezer» atly aýdym-sazly döredijilik dabarasy geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymlar şeýle-de aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeňler we döredijilik bilen içgin gyzyklanýan talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenler Türkmen halyçylyk sungaty, Gurban baýramynyň taryhy, aýratynlygy, onuň özboluşly däp-dessurlary, türkmeniň milli mirasy barada gürrüň etdiler. Aýdym-saz toparynyň çeper höwesjeňleri milli mirasymyzyň waspyny ýetirýän aýdymdyr sazlary ýerine ýetirdiler.
Duşuşykda edilen gyzykly çykyşlar, ýaňlanan ajaýyp aýdym-sazlar oňa gatnaşyjylarda ýakymly täsirleri galdyrdy.
Aýlar JUMAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby