Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
        • TÜRKMEN MILLI LYBASLARYNYŇ GÖRKEZILIŞ DABARASY GEÇIRILDI
        • «Ýaşlyk» çagalar dynç alyş we sagaldyş merkezinde okuw sapagy geçirildi
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
        • Энергия, климат и транспорт: подход Туркменистана к приоритетам регионального развития
        • Дигитализация и AI как драйвер ускорения на треке Центральная Азия – Республика Корея
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
        • “Kiberhowpsuzlyk boýunça strategiýalar” atly sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / Dutaryň owazy – parahatçylyk sazy
    Dutaryň owazy – parahatçylyk sazy surady
    30/11/-0001

    753

    Dutaryň owazy – parahatçylyk sazy

    2022-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde gurnamagynda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda “Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi. Oňa degişli edaralaryň wekilleri, mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

    Maslahatyň dowamynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň meýletinçisi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby Jemal Rematullaýewa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher geňeşiniň esasy hünärmeni Hoşgeldi Annageldiýew, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň Daşary ýurt dilleri kafedrasynyň müdiri Atamyrat Garaýew, Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň uly mugallymy Jemal Orazgeldiýewa we şol institutyň Ykdysadyýet we hukuk kafedrasynyň mugallymy Kerim Döwletow çykyş etdiler. Olar Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde eden taryhy çykyşynda öňde goýlan belent maksatlary nazara alyp Watanymyzy ösdürmegiň geljek döwrüni “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy” diýip atlandyrmagy teklip etmegi, milli medeniýetimiziň bahasyna ýetip bolmajak miraslaryny gorap saklamak, toplamak, öwrenmek we wagyz etmek esasy wezipedigini aýratyn belläp geçendigi, “Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli ýene-de bir gezek mähriban halkymyza gutlag sözlerini aýdandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler. Şeýle hem Hormatly Prezidentimiziň milli mirasymyzyň halkara abraýyny, mertebesini has hem beýgeltmek ugrunda nusga alarlyk görelde mekdebinden ugur alyp, geljekde türkmen halkynyň gaýtalanmajak, özüne çekiji milli gymmatlyklaryny baýlaşdyrmak, inçe syrlar bilen gurşalan naýbaşy sungatlaryny içgin öwrenmek we olary dünýä ýaýyp, halkara derejesinde ykrar edilmegini gazanmak ýaşlaryň öňünde duran möhüm wezipedigi aýratyn nygtaldy.

    Dabaraly maslahat institutyň “Hazyna” döredijilik toparynyň sazandalarynyň ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetiren aýdym-sazlary bilen utgaşyp, oňa gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy.

    Maslahata gatnaşanlar türkmen halkynyň milli mirasynyň dünýä giňişligindäki abraýyny, mertebesini belende göterýän Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

    Jemal Rematullaýewa,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    ABŞ-NYŇ KENT DÖWLET UNIWERSITETINIŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK surady

    18/06/2025

    ABŞ-NYŇ KENT DÖWLET UNIWERSITETINIŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK
    Ýoluňyz ak bolsun, mähriban uçurymlar! surady

    16/06/2025

    Ýoluňyz ak bolsun, mähriban uçurymlar!
    «ÝOKARY BILIMDE SANLYLAŞDYRMA, IT WE EMELI AŇ» ATLY OKUW SAPAGY surady

    13/06/2025

    «ÝOKARY BILIMDE SANLYLAŞDYRMA, IT WE EMELI AŇ» ATLY OKUW SAPAGY
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI