Logo
  • Logo
    • Ylym
      • Ylmy-barlag işleri
      • Aspirantura
      • Ylmy-amaly maslahatlar
      • Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy
        • “Magtymguly, sözüm gysga şerhi köp...” (Magtymguly barada makalalar)
        • “Magtymguly, dile dessan getirdim...” (Magtymguly barada saýtlardan jemlenen maglumatlar)
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň wideoteswiri
        • Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň audio ýazgylar toplumy
        • Magtymguly Pyragy dünýä metbugatynda
        • Magtymguly Pyragynyň daşary ýurt dillerindäki neşirleri
        • Magtymgulynyň goşgularynyň düşündirişli sözlügi
        • "Magtymgulynyň dünýäde öwrenilişi"
      • Ylmy makalalar, tezisler we ýygyndylar
      • Ýaş alymlar geňeşi
    • Halkara hyzmatdaşlygy
      • Geçirilen duşuşyklar
        • “NIPPON” GAZNASYNYŇ KITAPLARYNYŇ GOWŞURYLYŞ DABARASY
      • Saparlar
      • Ilçileriň leksiýalary
      • Halkara günler
        • TÜRKMENISTAN- BAGTLY ÇAGALARYŇ MEKANY!
        • 1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni
        • INTERNATIONAL DAY FOR PROTECTION OF CHILDREN IN TURKMENISTAN
      • "Parahatçylyk medeniýeti" atly ÝUNESKO kluby
    • Fakultetler
      • HALKARA GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA HUKUGY FAKULTETI
      • HALKARA YKDYSADY GATNAŞYKLARY FAKULTETI
      • HALKARA ŽURNALISTIKASY FAKULTETI
    • Biz barada
      • Administrasiýa
      • Kafedralar
        • Halkara gatnaşyklary we diplomatiýa kafedrasy
        • Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasy
        • Halkara ykdysady gatnaşyklary kafedrasy
        • Žurnalistikanyň nazaryýeti we amalyýeti kafedrasy
        • Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasy
        • Dünýä dilleri kafedrasy
      • Görkezijiler
      • Туркменистан создал условия для подготовки нового поколения дипломатов
      • Biz barada
    • Okuw
      • Hünärler
      • Dalaşgärlere
    • Merkezler
      • Strategik barlaglar boýunça ylmy merkezi
      • Ýaş diplomatlaryň mekdebi
      • Sanly ulgamlar we kommunikasiýa bölümi
      • Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy merkezi
        • Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
      • Parahatçylygyň ýaş çaparlary
      • Türkmenistanyň diplomatiýasynyň möhüm ugurlary boýunça okuw merkezi
        • Ulag diplomatiýasy
        • Energetika diplomatiýasy
        • Suw diplomatiýasy
        • Öňüni alyş diplomatiýasy
        • Ykdysady diplomatiýasy
      • Diplomatik protokol boýunça okuw merkezi
    • Ilçiler
    • Media
    Esasy / Habarlar / Dutar – medeni diplomatiýanyň özboluşly guraly
    Dutar – medeni diplomatiýanyň özboluşly guraly surady
    30/11/-0001

    745

    Dutar – medeni diplomatiýanyň özboluşly guraly

    2022-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň bilelikde gurnamagynda “Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli “Bagşyly halk – bagtly halk” atly dabaraly maslahat geçirildi. Oňa degişli edaralaryň wekilleri, institutyň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar.

    Maslahatyň dowamynda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň A.Öwezberdiýewa adyndaky 5-nji orta mekdebiniň baýry mugallymy, dutar ussasy Meretmyrat Amansähedow, Türkmenistanyň at gazanan artisti, sungat ylymlarynyň doktory, Türkmenistanyň ýaşlar baýragynyň laureaty Çaryýar Jumaýew, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly mugallymy, Türkmenistanyň at gazanan artisti Aýgül Ýagşyýewa, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy Batyr Kairow, dünýä dilleri kafedrasynyň mugallymy Almanar Ýazberdiýewa, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň meýletinçisi, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby Aýbölek Kakabaýewa çykyş etdiler.

    Çykyşlarda Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzda milli mirasy goramak, dikeltmek we halkara derejesini beýgeltmek babatynda alnyp barylýan giň gerimli işler barada giň maglumatlar berildi. Esasan hem ýurdumyzyň we halkymyzyň durmuşynda ajaýyp waka öwrülen “Dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň” ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň jemgyýetçilik ähmiýetine uly baha berildi we bu buýsançly wakanyň ilkinji nobatda Hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli we dost-doganlyk gatnaşyklara gönükdirilen medeni diplomatiýasynyň nobatdaky ýeňşidigi, milli mirasymyzyň we medeni gymmatlyklarymyzyň halkara derejede ykrar edilmeginiň nobatdaky aýdyň mysalydygy bellenip geçildi. Çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisinde eden taryhy çykyşynda döwleti dolandyrmak işlerine ýaşlary has köp çekmek barada teklipleriniň milli däplerimiziň ösdürilmeginde eýeleýän mynasyp orny barada aýratyn nygtalyp geçildi.

    Dabaraly maslahatda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň talyplarynyň we halypa bagşy-sazandalarymyzyň ýokary ussatlyk bilen dutarda ýerine ýetiren aýdym-sazlary we halypa sazandalaryň dutarçylyk barada beren gyzykly gürrüňleri gatnaşyjylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy.

    Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylar bütin dünýä halklaryny el-ele berip, parahatçylyk söýüji, ynsanperwer, dost-doganlyk ýollaryndan ýöremäge çagyrýan Gahryman Arkadagymyza tükeniksiz alkyş sözlerini aýtdylar.

    Aýbölek Kakabaýewa,

    Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

    Halkara gatnaşyklary institutynyň

    Halkara gatnaşyklary fakultetiniň IV ýyl talyby.

    Soňky täzelikler

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi surady

    03/06/2025

    Bütindünýä welosiped güni mynasybetli dabaralar geçirildi
    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK surady

    03/06/2025

    HALKARA RUS DILINE BAGYŞLANAN BÄSLEŞIK
    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE  OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI surady

    02/06/2025

    ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI ONLINE OKUW MASLAHATY GEÇIRILDI
    Peýdaly Salgylar
    Beýleki ýokary okuw mekdepleri
    Habarlaşmak üçin

    744000, Türkmenistan Aşgabat, Galkynyş 25

    iirmfatm@iirmfa.edu.tm, iirmfatm@sanly.tm

    +99312266155

    +99312266183

    © 2025 Haklary doly goralandyr: TDIMHGI