30/11/-0001
586
DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARY BOÝUNÇA OKUW SAPAKLARYNYŇ NOBATDAKY TAPGYRY
2022-nji ýylyň 27-nji iýunynda 2021-2022-nji okuw ýyly üçin ylalaşylan okuw maksatnamasyna laýyklykda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkezinde Aşgabat şäherinde ýerleşýän Saglyk öýleriniň lukmanlarynyň gatnaşmagynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça okuw sapaklarynyň nobatdaky tapgyry geçirildi. Nobatdaky okuw tapgyrynyň dowamynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkeziniň hünärmeni, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Hasabatlar we maglumatlar bölüminiň baş hünärmeni, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň Strategik we Durnukly ösüş müdirliginiň baş hünärmeni gatnaşyp, degişlilikde Durnukly ösüş maksatlarynyň 7-nji maksady, Elýeter we arassa energiýa, Durnukly ösüş maksatlarynyň 3-nji maksady, Sagdyn durmuş we abadançylyk, Durnukly ösüş maksatlarynyň 12-nji maksady, Jogapkärçilikli sarp ediş we önümçilik boýunça çykyş etdiler.
Okuw sapagynyň dowamynda çykyş edenler energiýa howpsuzlygy, onuň adamzat durmuşynda eýelän orny, deňiz ekologik ulgamyny gorap saklamagyň, howanyň üýtgemegine garşy göreşmegiň we oňa uýgunlaşmagyň hem-de olaryň sagdyn durmuşa ýetirýän täsiri barada anyk maglumatlaryň mysalynda aýtdylar. Şeýle-de oňa gatnaşyjylaryň we bilermenleriň arasynda gozgalýan meseleler barada dürli sorag-jogap alşyldy.
Okuw sapagynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize döredip berýän ajaýyp mümkinçilikleri üçin alkyş sözlerini aýtdylar.
Akbibi BAÝRAMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň III ýyl talyby.