
24/11/2022
1358
Durnukly ösüş maksatlary boýunça geçirilen okuw sapagy
2022-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda türkmen diplomatiýasynyň milli ýokary mekdebiniň, şeýle hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň we mugallymlarynyň gatnaşmagynda Durnukly ösüş maksatlarynyň çäklerinde gender deňligi boýunça okuw sapagy geçirildi. Onda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Lýusiýa Uaýld gatnaşyp, çykyş etdi. Beýik Britaniýanyň Daşary işler ministrliginiň sosial ösüş boýunça geňeşçisi Jessi Kirkiň çykyşy bolsa wideo aragatnaşyk arkaly gatnaşyjylara ýetirildi. Olarda Durnukly ösüş maksatlarynyň çäklerinde gender deňligini üpjün etmek boýunça halkara derejesinde geçirilýän möhüm işler beýan edildi.
Okuw sapagynyň dowamynda özara pikir alyşmalar guraldy.
Maksat HALMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň II ýyl talyby.
Soňky täzelikler

14/11/2024
ILÇI BILEN GEÇIRILEN TÄSIRLI OKUW SAPAGY
03/07/2024
Ilçi bilen geçirilen duşuşyk
06/03/2023
Hormatly myhman bilen duşuşyk