30/11/-0001
621
Dostlukly gatnaşyklaryň waspy
Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň her bir güni toýdur baýramlara, şanly wakalara beslenýär. Ata Watanymyz durmuşyň ähli ugurlarynda — syýasy, ykdysady, ylym, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş ulgamlarynda we halk hojalygynyň beýleki ugurlarynda günsaýyn beýik ösüşlere ýetýär. Hususan-da, daşary syýasy ulgam ösdürilýär we täze derejelere çykýar.
Dünýä döwletleri bilen dostlukly gatnaşyklary ýola goýmak, halkara guramalary bilen gatnaşyklary ýokary derejä çykarmak, şol sanda parlamentara gatnaşyklary ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasatynyň esasy ugurlary bolup durýar. Türkmenistanyň dünýäniň 150-den gowrak döwletleri bilen dostlukly diplomatik gatnaşyklary, 100-den gowrak ýurt bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmagy hem munuň aýdyň nyşanydyr.
Ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň düzüminde zähmet çekjek hünärmenleri taýýarlamakda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň orny örän uludyr. Institutda 2017-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Durnukly ösüş maksatlary boýunça ylmy-usulyýet merkeziniň açylmagy Durnukly ösüşiň 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň durmuşa ornaşdyrylmagynda, şeýle hem ylmy-usulyýet işlerini geçirmekde oňyn netijeleri getirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 9-njy iýulyndaky Karary esasynda institutyň düzüminde Strategik barlaglar boýunça ylmy merkez hem-de Ýaş diplomatlaryň mekdebi açyldy.
Ýurdumyzda diplomatik gullugyň işine ýokary derejede üns berilmegi bu ulgamyň işgärlerini belent sepgitlere ruhlandyrýar. Garaşsyz hem baky Bitarap ýurdumyzyň daşary syýasatynda we diplomatiýasynda dünýä nusgalyk beýik işleri amala aşyrýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimizi ýurdumyzda giňden bellenilýän diplomatik işgärleriň güni bilen gyzgyn gutlaýarys. Dünýäde Parahatçylygy ösdürmekde beýik işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň, Milli Liderimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.
Altyn BABYŞOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
halkara hukugy fakultetiniň talyby.
Çeşme şu ýerden alnan: