520
“Dostluk” ýatagyna bagyşlanan onlaýn sapagy
2021-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda “Dostluk ýatagy we onuň ähmiýeti“ atly tema bagyşlanyp, wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly onlaýn sapagy geçirildi. Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň geçirýän toplumlaýyn onlaýn sapaklarynyň çäginde guralan bu okuwa Türkmenistanyň Azerbaýjan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Mekan Işangulyýew we Halkara gatnaşyklary institutyň talyplary gatnaşdylar.
Sapak ýokary okuw mekdebiniň talyplarynyň diplomatiýa bilen bagly bilim derejelerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen geçirildi.
Okuw sapagynda çykyş eden hormatly ilçi Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasyndaky özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmeginiň uly ähmiýete eýe bolandygyny belledi. Ilçiniň nygtap aýtmagyna görä, “Dostluk” uglewodorod ýatagyny bilelikde özleşdirmek hakyndaky bu Ähtnama iki döwletiň arasyndaky beýleki ugurlar boýunça alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň hem has-da ösdürilmegine saldamly goşant boldy.
Duşuşygyň ahyrynda talyplar ilçä Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky dostlukly we özara bahbitli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmege gönükdirilen sowallary berdiler we bu ugurda özara pikir alyşdylar.
Jemal REMATULLAÝEWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara gatnaşyklary fakultetiniň III ýyl talyby.